Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 31:54 - Mukaddes Kitap

54 Şeýdip, Musa bilen ruhany Elgazar müňbaşylardan, ýüzbaşylardan altyny kabul edip aldylar. Ony Rebbiň ýoluna berilýän paý hökmünde ysraýyllar üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyra getirdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

54 Шейдип, Муса билен руханы Элгазар мүңбашылардан, йүзбашылардан алтыны кабул эдип алдылар. Оны Реббиң ёлуна берилйән пай хөкмүнде ысрайыллар үчин Реббе йүз тутулян чадыра гетирдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 31:54
12 Iomraidhean Croise  

«Ejirlerim juda köp» diýip gürledim, ýöne şonda-da men iman etdim.


Ol ezilenleriň hakyny alyp berýändir, açlara nan berýän Oldur, Reb ýesirleri boşadýar.


Ysraýylyň ogullary üçin ýatlama bolar ýaly, bu iki daşy efodyň eginbagyna dak. Rebbiň huzurynda ýatlanar ýaly, Harun olaryň atlaryny iki egninde göterip gezsin.


Ysraýyllaryň günälerinden saplanmagy üçin, olardan pul ýygna we ony Maňa ýüz tutulýan çadyryň hyzmaty üçin sarp et. Jany üçin töleýän tölegi Meniň huzurymda ysraýyllara ýatlama bolar».


Bu täçler Heldaýyň, Tobyýanyň, Ýedaýanyň hatyrasyna hem-de Sepanýanyň ogly Ýoşyýanyň sahylygynyň hatyrasyna Rebbiň ybadathanasynda goýlar.


Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.


Onsoň çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin gurban edilýän bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi.


Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Ysraýyllar üçin Rebbiň Äht sandygynyň öňünde Iordan derýasynyň suwunyň kesilendigini, Äht sandygy göterilip getirilende, suwlaryň yza çekilendigini olara gürrüň beriň. Şeýlelikde, bu daşlar ysraýyllar üçin asyrlar boýy subutnama bolar».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan