Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 31:3 - Mukaddes Kitap

3 Onsoň Musa gelip, halka: «Midýanlaryň garşysyna uruşmak üçin öz araňyzdan esgerler saýlaň, goý, olar Rebbe eden işi üçin midýanlaryň jezasyny bersinler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Онсоң Муса гелип, халка: «Мидянларың гаршысына урушмак үчин өз араңыздан эсгерлер сайлаң, гой, олар Реббе эден иши үчин мидянларың җезасыны берсинлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 31:3
12 Iomraidhean Croise  

Reb Ýehuwa: «Sen Meniň nazarymda dogry iş edip, Ahabyň tohum-tiji babatda Meniň ýüregimiň islegini ýerine ýetirdiň. Şonuň üçin hem seniň nesliň dördünji arka çenli Ysraýyla patyşa bolar» diýdi.


Sen jenabyň Ahabyň maşgalasyny gyrarsyň. Meniň gullarym bolan pygamberleriň we hemme gullarymyň gany üçin Izebelden öç alaryn.


Ol: «Elim Rebbiň tugunda! Reb amalekleriň garşysyna nesiller boýy söweşer» diýdi.


Bu gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň günüdir; bu gün ýagylaryndan ar alynýan öç günüdir; gylyç olary iýip doýar, ganlaryny içip serhoş bolar; çünki demirgazyk ýurdunda, Ýewfradyň kenarynda Hökmürowan Taňry Rebbe gurbanlyk berilýär.


Babyldan gaçyp gutulanlar Hudaýymyz Rebbiň öjüni, Onuň ybadathanasynyň öjüni Sionda yglan edýärler, Olaryň seslerini eşidiň!


Men siziň ýurduňyzda uruş turzaryn. Ähtimi bozanlygyňyz üçin, Men size hökman jeza bererin. Eger siz galalaryňyzda gaçyp gizlenseňiz, Men siziň araňyza gyrgyn keselini ibererin. Şeýdip, Men sizi duşmanyňyzyň eline bererin we olar siziň üstüňizden höküm sürerler.


«Ysraýyl halkyndan Meniň gaharymy Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas gaýtardy, olaryň arasynda ol Maňa özüniň hakyky wepadardygyny görkezdi. Şonuň üçin men olary gabanyp, bütinleý ýok etmedim.


Pinehas öz Hudaýyna wepadarlygyny görkezip, ysraýyllary günäsinden saplandygy üçin, oňa we onuň nesline ruhanylygy müdimilik bagyş edýärin“».


Her ysraýyl tiresinden müň adamy urşa ýollaň» diýdi.


«Ysraýyl ýolbaşçylary aýaga galanda, halk olara meýletin boýun bolanda, Rebbe alkyş aýdyň!


Rebbiň perişdesi diýýär: „Batyr esgerlere goşulmandygy üçin Meroz galasyna gargaň, onuň halkyna lagnat ýagdyryň!“.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan