Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 31:23 - Mukaddes Kitap

23 oda çydamly zatlaryň ählisini oduň içinden geçirip halallaň. Ondan başga-da, olar tämizlik suwy bilen hem halallansyn. Galan oda çydamsyz zatlar bolsa suwdan geçirilsin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 ода чыдамлы затларың әхлисини одуң ичинден гечирип халаллаң. Ондан башга-да, олар тәмизлик сувы билен хем халаллансын. Галан ода чыдамсыз затлар болса сувдан гечирилсин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 31:23
20 Iomraidhean Croise  

Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar.


Şeýdip, Musa dagdan aşak, adamlaryň ýanyna düşdi we olara inlerini tämizlemegi buýurdy. Olar geýimlerini hem ýuwdular.


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat: agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun – parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar.


Matadan ýa-da deriden edilen zada tohum degen bolsa, ol suw bilen ýuwulsyn. Ol zat agşama çenli harapdyr.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Haram saýylan adam üçin ýakylan günä gurbanlygynyň külünden bir gaba salyp, onuň üstüne çeşme suwuny guýuň.


Onsoň sygryň külüni tämiz adamlaryň biri ýygnap alyp, düşelgäňiziň daşynda halal ýerde goýsun. Bu kül ysraýyl halky üçindir, ol tämizlik suwy üçin saklansyn. Bu günä gurbanlygynyň bir görnüşidir.


altyn, kümüş, bürünç, demir, galaýy we gurşun ýaly


Ýedinji gün eşikleriňizi ýuwmalysyňyz we tämiz bolmalysyňyz. Ondan soňra düşelgä girip bilersiňiz».


Olary tämizlemek üçin şeýle et: olaryň üstüne tämizlik suwuny sepele, onsoň olar bedenindäki ähli tüýleri syrsynlar, eşiklerini ýuwsunlar, şeýdip, özlerini tämizlesinler.


Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.


gurandygy soňra belli bolar. Bu Rebbiň gününde ot-alaw arkaly aýan bolar. Ot-alaw her kesiň eden işiniň nähilidigini synar.


bu synaglaryň siziň imanyňyzy berkidýändigini biliň. Hatda pany altyn hem otda saplanyp synalýandyr. Şeýlelikde, altyndan has gymmatly bolan imanyňyz synagdan geçip, Isa Mesih aýan bolanda, size öwgi we şan-şöhrat getirer.


Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.


Mähribanlarym, sizi synamak üçin başyňyza inen ot belasyna geň zada sataşan ýaly haýran galmaň.


Gel, Men saňa maslahat bereýin: baýar ýaly, Menden otda arassalanan altyny satyn al; ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly, Menden ak egin-eşik satyn al; görüp biler ýaly, Menden gözüňe melhem satyn al.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan