Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 31:2 - Mukaddes Kitap

2 «Ysraýyllara garşy eden işi üçin midýanlaryň jezasyny ber. Soňra amanadyňy tabşyryp, öz ata-babalaryňa gowşarsyň» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 «Ысрайыллара гаршы эден иши үчин мидянларың җезасыны бер. Соңра аманадыңы табшырып, өз ата-бабаларыңа говшарсың» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 31:2
30 Iomraidhean Croise  

Sen bolsa uzak ýaşarsyň, asudalykda ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň.


Ysmaýyl ýüz otuz ýedi ýyl ömür sürüp, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy.


Midýan ruhanysynyň ýedi gyzy bardy. Şol wagt olar guýa gelip, öz kakalarynyň sürüsini suwa ýakmak üçin nowalary suwdan doldurdylar.


Şonuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Ysraýylyň gudratly Hudaýy şeýle diýýär: «Ýagylarymyň üstünden gazabymy dökerin, duşmanlarymdan öç alaryn!


Reb gabanjaň we öç alýan Hudaýdyr, Ol ar alýandyr we gazapdan doludyr, duşmanlaryndan öç alýandyr, ýagylaryna garşy gazaplanýandyr.


«Harunyň ölüp, öz ata-babalaryna gowuşmaly wagty ýetdi. Ol ysraýyllara wada beren ýurduma girmez, sebäbi siz Meriba çeşmesiniň ýanynda Meniň buýrugyma boýun egmändiňiz.


Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, olary ogly Elgazara geýdir. Harun bolsa şol ýerde ölüp, öz ata-babalaryna gowşar».


Ysraýyllar Şitimde ýaşaýarkalar, mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar.


Musa we bütin ysraýyl halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň işiginde aglaşyp durkalar, bir ysraýylly erkek kişi olaryň gözüniň alnynda bir midýanly aýaly öz maşgalasyna getirdi.


Ony synlanyňdan soň, sen hem doganyň Harun ýaly, öz ata-babalaryňa gowşarsyň.


Onsoň Musa gelip, halka: «Midýanlaryň garşysyna uruşmak üçin öz araňyzdan esgerler saýlaň, goý, olar Rebbe eden işi üçin midýanlaryň jezasyny bersinler.


Sebäbi şol günler ähli ýazylanlaryň berjaý bolmagy üçin jeza günleridir.


Dawut babatda aýtsak, ol öz wagtynda Hudaýyň maksady üçin hyzmat etdi. Ol dünýäden ötüp, ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy; onuň jesedi çüýräp gitdi.


Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär.


Sebäbi häkimiýet ýolbaşçysy seniň ýagşylygyň üçin Hudaýyň hyzmatkäridir. Ýaman iş edýän bolsaň, häkimiýet ýolbaşçysyndan gork, sebäbi ol gylyjy ýöne ýere göterýän däldir. Ol Hudaýyň hyzmatkäridir, ýaman iş edeni jezalandyryp, Hudaýyň gazabyny onuň üstünden inderýändir.


Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“.


Çünki men Iordandan aňry geçmän, şu ýerde ölerin, emma siz ol gowy ýurdy mülk edinmek üçin Iordandan geçersiňiz.


şu tärde doganyňyza ahlaksyzlyk etmäň, ony aldamaň. Ozal size aýdyp, berk duýduryşymyz ýaly, şeýle günäleriň ählisi üçin Reb ynsanlary jezalandyrar.


Şeýle hem biz bu sözleri aýdan Hudaýy tanaýarys: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin», şeýle hem: «Reb Öz halkynyň üstünden höküm çykarar».


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».


Olar batly ses bilen gygyryp: «Eý, mukaddes we hakyky Reb! Sen ýer ýüzüniň ilatyny haçan höküm etjek? Biziň ganymyzy olardan haçan sorajak?» diýip soradylar.


Halk Şimşony görende: «Köpimizi öldürip, ýerlerimizi tozduran duşmanymyzy hudaýymyz biziň elimize berdi» diýşip, öz hudaýlaryny alkyşlamaga başladylar.


Şeýlelik bilen, tutuş bir nesil dünýäden ötdi we bu öňki nesliň deregine Rebbi bilmeýän we Onuň Ysraýyl üçin eden işlerinden habarsyz başga bir nesil kemala geldi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan