Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 31:16 - Mukaddes Kitap

16 «Bu aýallar Bilgamyň maslahaty bilen Pegorda ysraýyllara Rebbe garşy dönüklik etdirdiler. Şonuň üçinem, Rebbiň halkynyň arasyna gyrgynçylyk aralaşdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 «Бу аяллар Билгамың маслахаты билен Пегорда ысрайыллара Реббе гаршы дөнүклик этдирдилер. Шонуң үчинем, Реббиң халкының арасына гыргынчылык аралашды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 31:16
11 Iomraidhean Croise  

Çünki loly düýpsüz gorpdur, kemçin-de dar guýudyr.


Duzak kimin, ýüregi gapandyr tor kimin, elleri zynjyr kimin bolan aýaly ölümden ajy gördüm. Hudaýy hoşal edýän adam ol aýaldan gaçyp gutulýar, ýöne günäkär onuň eline düşýär.


Ine, indi men öz ilime gaýtmankam, bu ysraýyl halkynyň geljek günlerde seniň halkyňa nämeler etjekdigi bilen seni habardar edeýin» diýdi.


Ine, olaryň Pegorda eden işleri: olar gyz doganlary, midýanly tirebaşynyň gyzy Kozbynyň üsti bilen ysraýyllara duzak gurdular. Size hile salyp, duşman ýaly daraşdylar. Pegora gyrgynçylygyň gelmeginiň sebäpkäri bolany üçin Kozby öldürildi».


Öldürilenleriň arasynda Ewi, Rekem, Sur, Hur we Reba atly bäş sany Midýan hany-da bardy. Begor ogly Bilgamy-da ysraýyllar gylyçdan geçirdiler.


Rebbiň Bagalpegorda näme edenini, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Bagalpegor butunyň yzyna eýerenleriň ählisini araňyzdan nähili ýok edenini öz gözüňiz bilen gördüňiz.


Biziň üçin Pegoryň kanuny bozany azmy näme? Çünki ol Rebbiň jemagatyna gyrgyn keselini getirdi. Biz entekler hem ondan tämizlenip bilemzok.


Olar Begoryň ogly Bilgamyň yzyna eýermek bilen, dogry ýoly terk edip azaşdylar. Bilgam haram ýol bilen pul gazanmagy halady.


Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.


Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan