Beýik Hudaý aýala şeýle diýdi: «Göwrelilik döwrüňdäki hasratyňy has artdyraryn, agyr burgy bilen dograrsyň çagalaryňy sen, sen äriňe meýilli bolarsyň, emma ol höküm sürer seniň üstüňden».
Aýallar ýene-de: «Hawa, biz asman melikesine tütetgi ýakyp, içgi sadakasyny hödür etdik. Emma biz onuň keşbinde kökeler bişirip, oňa içgi sadakasyny hödür edenimizde ärlerimiz mundan bihabar bolandyr öýdýäňizmi?»
Emma atasy bulary eşidip, öz närazylygyny bildirse, gyzynyň eden wadasy, içen kasamy öz güýjüni ýitirýär. Atasynyň oňlamandygy sebäpli, Reb bu gyzy bagyşlar.
Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez».
Elkana oňa: «Bolýar, gözel göwnüň, çagaň süýtden aýrylýança garaşaý. Goý, Reb seniň wadaňy amala aşyrsyn!» diýdi. Şunlukda, Hanna öýde galyp, çagany süýtden aýyrýança, oňa seretdi.