Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 30:3 - Mukaddes Kitap

3 „Eger bir adam Rebbe wada etse ýa-da her hili zatdan özüni saklamaga kasam içse, onda ol beren sözüni bozman, agzy bilen aýdan wadasyny berjaý etsin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 „Эгер бир адам Реббе вада этсе я-да хер хили затдан өзүни сакламага касам ичсе, онда ол берен сөзүни бозман, агзы билен айдан вадасыны берҗай этсин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 30:3
10 Iomraidhean Croise  

Şeýle hem Sidkiýa özüne Hudaýdan ant içiren Babyl patyşasy Nebukadnesara garşy gozgalaň turuzdy. Sidkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrülmejek bolup, boýnuýogynlyk etdi, ýüregini gatatdy.


Öz halas edişiňiň şatlygyny Sen maňa gaýtar, yhlasly ruh berip, maňa söýget bol.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Eger kimdir biri Rebbe berlen wadany berjaý etmek üçin Rebbe bagyş edilen bolsa, ol adam şu möçberdäki bahalar bilen azat edilip bilner.


Soňra Musa ysraýyl tire baştutanlaryna şeýle diýdi: «Ine, Reb size şu zatlary buýurdy:


Eger aýal maşgala ýaş wagty, entek atasy öýündekä, Rebbe wada etse ýa-da kasam içse,


«Ysraýyllara aýt: eger erkek ýa aýal nazyr bolmaga kasam içip, özüni Rebbe bagyş etse,


aýallar ýygnakda gürlemesin. Olara gürlemäge rugsat berilýän däldir. Töwratda aýdylyşy ýaly, olar tabyn bolmalydyr.


Ysraýyllar olara hüjüm etmediler, sebäbi jemagat baştutanlary olara Ysraýyl Hudaýy Rebbiň adyndan kasam içipdiler. Soňra jemagat öz baştutanlaryna garşy nägilelik bilen hüňürdeşdi.


Ol gyzyny görende, ýakasyny ýyrtyp: «Wah, gyzym, sen meniň bagtymy garaltdyň! Indi sen hem meni ynjalykdan gaçyrdyň! Çünki men Rebbiň öňünde öz agzym bilen kasam etdim, indi nädip ondan boýun gaçyraýyn» diýdi.


Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan