Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 30:12 - Mukaddes Kitap

12 äri-de muny eşidip, hiç zat diýmän, garşy bolmadyk bolsa, onda aýalyň eden wadasy ýa kasamy öz güýjünde galar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 әри-де муны эшидип, хич зат диймән, гаршы болмадык болса, онда аялың эден вадасы я касамы өз гүйҗүнде галар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 30:12
10 Iomraidhean Croise  

Tersine, biz ähli zady öz eden kasamymyza laýyk ederis. Asman melikesine tütetgi ýakarys we oňa içgi sadakasyny hödürläris. Biziň özümiz, ata-babalarymyz, patyşalarymyz we ýolbaşçylarymyz Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde näme eden bolsak, şony hem ederis. Şol döwürde biz bolelin iýip-içerdik, gülläp öserdik, ýamanlyk garasyny görmezdik.


Aýallar ýene-de: «Hawa, biz asman melikesine tütetgi ýakyp, içgi sadakasyny hödür etdik. Emma biz onuň keşbinde kökeler bişirip, oňa içgi sadakasyny hödür edenimizde ärlerimiz mundan bihabar bolandyr öýdýäňizmi?»


Ruhany bütin ysraýyl halkyny günäsinden saplasyn, şonda olaryň günäsi geçiler. Çünki halk tötänlikden günä etdi we olar öz sadakalaryny Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka hökmünde hödür etdiler. Öz ýalňyşlyklary üçin Rebbe günä gurbanlygyny berdiler.


Ruhany Rebbiň huzurynda ýalňyşyp günä edeni günäsinden saplasyn, onuň günäsi geçiler.


Eger durmuşa çykan aýal wada eden ýa-da her hili zatdan özüni saklamaga kasam içen bolsa,


Emma äri bulary eşidip, öz närazylygyny bildiren bolsa, onda ol aýalynyň beren ähli wadalaryny, içen kasamyny ret edýär. Äriniň oňlamandygy sebäpli, wadasyny berjaý edip bilmedik bu aýaly Reb bagyşlar.


atasy-da gyzynyň eden wadasyny ýa-da kasamyny eşidibem oňa hiç zat diýmese, onda ol aýalyň eden wadasy ýa-da kasamy öz güýjünde galar.


äri hem bu zatlardan habarly bolubam hiç zat diýmese, onda gyzyň eden wadasy, içen kasamy öz güýjünde galar.


Emma şuňa hem aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: her erkegiň başy Mesihdir, aýalyň başy erkekdir, Mesihiň başy bolsa Hudaýdyr.


Elkana oňa: «Bolýar, gözel göwnüň, çagaň süýtden aýrylýança garaşaý. Goý, Reb seniň wadaňy amala aşyrsyn!» diýdi. Şunlukda, Hanna öýde galyp, çagany süýtden aýyrýança, oňa seretdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan