Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 3:9 - Mukaddes Kitap

9 Lewileri Harunyň we onuň nesilleriniň ygtyýaryna ber. Olar ysraýyllaryň arasyndan Harunyň ygtyýaryna doly berlendir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Левилери Харуның ве онуң несиллериниң ыгтыярына бер. Олар ысрайылларың арасындан Харуның ыгтыярына долы берлендир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 3:9
15 Iomraidhean Croise  

Soňra Dawut Hudaýyň sandygyny diňe lewileriň götermelidigi barada buýruk berdi. Sebäbi Reb Öz sandygyny götermek hem-de Özüne ömürbaky hyzmat etmek üçin lewileri saýlapdy.


Ol ýerde hyzmata duranlar hem-de olaryň nesilleri şulardyr: kohat urugyndan Ýoweliň ogly Heýman bagşy. Heýmanyň ata-babalary şulardyr: Şamuwel Ýoweliň atasy,


Ybadathana hyzmatkärleri: Sihanyň, Hasupanyň, Tabagotyň,


Musanyň Kitabynda ýazylyşy ýaly, Iýerusalimde Hudaýa hyzmat etmekleri üçin olar ruhanylary we lewileri dürli toparlara böldüler.


bulardan başga-da Dawut bilen onuň emeldarlarynyň lewilere hyzmat etmäge bellän ybadathana hyzmatkärleriniň nesillerinden iki ýüz ýigrimisini getirdiler. Olaryň ählisiniň ady tutuldy.


Ysraýyl Hudaýy sizi ysraýyl halkynyň arasyndan saýlap aldy. Siz Rebbiň mukaddes çadyrynyň hyzmatyny ederiňiz ýaly we halkyň öňünde durup olara hyzmat ederiňiz ýaly, Ol size Özüne ýakynlaşmaga mümkinçilik berdi. Size indi şu-da azmy?


Ogullaryň bilen äht çadyrynyň öňünde hyzmat edýärkäň, ataňyz Lewiniň tiresinden bolan ähli dogan-garyndaşlaryňyz size goşulyp, size hyzmat ederleri ýaly, olary-da ýanyňa getir.


Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň ähli esbaplaryna gözegçilik etsinler.


Şeýdip, sen lewileri ysraýyllaryň arasyndan saýlap alarsyň, indi olar Rebbiňki bolarlar.


Çünki ysraýyllaryň arasynda olar indi bütinleý Rebbe degişlidirler. Reb lewileri ähli ysraýyl aýallarynyň ilkinji dogran ogullarynyň öwezine Özüne aldy.


Ol lewileri bolsa ysraýylyň nowbahar ogullarynyň öwezine tutuşlygyna Özüne aldy.


Onuň üstesine-de, Ol ysraýyllardan lewileri Haruna we onuň ogullaryna peşgeş hökmünde berdi. Çünki lewiler ysraýyllara derek Rebbe ýüz tutulýan öýde işleýändikleri üçin, ysraýyllary günälerinden saplarlar. Lewiler ysraýyllary mukaddes zatlara has golaý gelmekden gorarlar, ýogsam ysraýyllar heläk bolarlar».


Ine, Mesihiň Özi käbirlerini resul, käbirlerini pygamber, başga birilerini Hoş Habarçy, öwrediji, beýleki birlerini ýygnagyň çopanlary edip belledi.


Munuň üçin Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ol ýokary belentlige çykanda, ýesirleri Özi bilen äkitdi; ynsanlara peşgeşler berdi».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan