Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 3:8 - Mukaddes Kitap

8 Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň ähli esbaplaryna gözegçilik etsinler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Олар ысрайылларың хатырасына мукаддес чадырың хызматыны эдип, Реббе йүз тутулян чадырың әхли эсбапларына гөзегчилик этсинлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 3:8
13 Iomraidhean Croise  

Dawudyň soňky sözlerine görä, lewileriň ýigrimi hem ondan uly ýaşlylarynyň sany şudy.


Ogullarym, siz geleňsizlik etmäň, çünki Reb sizi Öz huzurynda durup hyzmat etmegiňiz üçin, Öz hyzmatkärleri bolup, ýakymly ysly tütetgi ýakmagyňyz üçin sizi saýlady».


Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň! Haram zatlara el degirmäň; ol ýerden çykyp, tämizleniň, eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!


Onsoň mukaddes çadyr söküldi we ony göterýän gerşonlar bilen merarylar ýola düşdüler.


Soňra mukaddes zatlary göterýän kohatlar ýola düşdüler. Bular baryp ýetýänçä, gerşonlar we merarylar mukaddes çadyry dikerdiler.


Olar mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Harun we tutuş halk üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň goramak keşigini çeksinler.


Lewileri Harunyň we onuň nesilleriniň ygtyýaryna ber. Olar ysraýyllaryň arasyndan Harunyň ygtyýaryna doly berlendir.


Ysraýyllaryň paýyndan: ynsan, sygyr, goýun, geçi, ähli mal-garalaryň elliden birini alyp, Rebbiň mukaddes çadyryny goraýan lewilere beriň».


Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr.


Ruhany Harunyň ogly Ytamaryň gözegçiligi astynda gerşonlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen baglanyşykly etmeli işleri we gorag wezipeleri, ine, şulardyr.


Ruhany Harunyň ogly Ytamaryň gözegçiligi astynda merarylaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen baglanyşykly etmeli işleri, ine, şulardyr».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan