Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 3:7 - Mukaddes Kitap

7 Olar mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Harun we tutuş halk üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň goramak keşigini çeksinler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Олар мукаддес чадырың хызматыны эдип, Харун ве тутуш халк үчин Реббе йүз тутулян чадырың горамак кешигини чексинлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 3:7
13 Iomraidhean Croise  

Hudaýyň öýüniň hazynalary hem-de berlen sadakalaryň hazynalary beýleki lewileriň garamagyndady.


Ýehiýeli, onuň ogullary we doganlary Zetam bilen Ýowel Rebbiň öýüniň hazynalaryna garardylar.


Şelomyt bilen onuň garyndaşlary Dawut patyşa, urugbaşylar, ýüzbaşylardyr müňbaşylar hem-de beýleki goşunbaşylar tarapyndan bagyş edilen hazynalaryň baştutanlary boldular.


Siz ýedi gije-gündiziň dowamynda Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bolup, Rebbiň buýrugyny berjaý ediň, ýogsam ölersiňiz. Maňa Rebbiň buýrugy şeýledir».


Oňa derek olary mukaddes äht çadyryna, onuň ähli esbaplaryna we oňa degişli zatlaryň hemmesine jogapkär edip goý. Mukaddes çadyry we onuň ähli esbaplaryny olar götersinler we oňa gözegçilik etsinler, öz çadyrlaryny onuň töwereginde diksinler.


Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler».


Ruhany Harunyň ogly Elgazar lewi baştutanlarynyň başlygydy we mukaddes zatlara jogapkärçilik çekýän lewileriň üstünden garaýardy.


Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň ähli esbaplaryna gözegçilik etsinler.


Ysraýyllaryň paýyndan: ynsan, sygyr, goýun, geçi, ähli mal-garalaryň elliden birini alyp, Rebbiň mukaddes çadyryny goraýan lewilere beriň».


Harun lewileri ysraýyllaryň berýän göterme sadakasy hökmünde Rebbe bagyş etsin. Şonda olar Rebbiň hyzmatyny edip bilerler.


Sen lewileri tämizläp, olary Rebbe bagyş edeniňden soň, olar Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat etmek üçin içeri girip bilerler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan