Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 3:6 - Mukaddes Kitap

6 «Lewi tiresini getir-de, ruhany Harunyň hyzmatynda goý, olar oňa kömek etsinler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 «Леви тиресини гетир-де, руханы Харуның хызматында гой, олар оңа көмек этсинлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 3:6
18 Iomraidhean Croise  

Soňra Dawut Hudaýyň sandygyny diňe lewileriň götermelidigi barada buýruk berdi. Sebäbi Reb Öz sandygyny götermek hem-de Özüne ömürbaky hyzmat etmek üçin lewileri saýlapdy.


Lewiler Rebbiň öýüne hyzmat etmek üçin, Harunyň neslinden bolan adamlaryň ýanynda bolup, şu işleri ýerine ýetirmelidiler: howlulara hem-de otaglara seretmek, mukaddes zatlary arassalamak, Hudaýyň öýüniň hyzmatyndaky her bir işe:


Rebbe ýüz tutulýan çadyr we mukaddes ýer lewileriň baştutanlygyndady. Olar Rebbiň öýünde hyzmat edýän Harunyň nesillerinden bolan doganlaryna-da esewan bolmalydylar.


Ol ýerde hyzmata duranlar hem-de olaryň nesilleri şulardyr: kohat urugyndan Ýoweliň ogly Heýman bagşy. Heýmanyň ata-babalary şulardyr: Şamuwel Ýoweliň atasy,


Ogullarym, siz geleňsizlik etmäň, çünki Reb sizi Öz huzurynda durup hyzmat etmegiňiz üçin, Öz hyzmatkärleri bolup, ýakymly ysly tütetgi ýakmagyňyz üçin sizi saýlady».


Musanyň Kitabynda ýazylyşy ýaly, Iýerusalimde Hudaýa hyzmat etmekleri üçin olar ruhanylary we lewileri dürli toparlara böldüler.


Şonda Lewi bilen eden ähtimiň saklanmagy üçin, bu buýrugy size ýollandygymy biliň. Muny aýdýan Hökmürowan Rebdir.


Lewilere Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edýän hyzmatlarynyň öwezine paý hökmünde ysraýyllaryň Maňa berýän hemme ondan birini berdim.


Lewileriň düşelgesi Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen bilelikde beýleki düşelgeleriň ortasynda ýöremelidir. Edil düşleýişleri ýaly, her bir adam öz ornunda, öz tugy astynda ýörişe çyksyn.


Rebbiň Musa buýruşy ýaly, lewiler beýleki ysraýyllaryň arasynda hasaba alynmady.


Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:


Şol mahal Reb: „Äht sandygymy götersinler, huzurymda gurbanlyklar hödürläp hyzmat etsinler, Meniň adymdan pata bersinler“ diýip, lewi tiresini saýlady. Olar şu güne çenli hem şeýle edýärler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan