Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 3:41 - Mukaddes Kitap

41 Olaryň deregine lewileri Men–Reb üçin kabul et, olaryň mallaryny bolsa ysraýyllaryň ilkinji doglan mallarynyň öwezine kabul et».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

41 Оларың дерегине левилери Мен-Реб үчин кабул эт, оларың малларыны болса ысрайылларың илкинҗи доглан малларының өвезине кабул эт».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 3:41
10 Iomraidhean Croise  

Ynsan bolsun, haýwan bolsun, parhy ýok, Rebbe hödür edilýän her jandaryň ilkinji erkek doglan çagasy seniňki bolar. Emma ynsanyň we haram mallaryň ilkinji erkek doglan çagasyny yzyna satyn almalysyň.


«Men lewileri ysraýyllaryň nowbahar ogullaryna derek kabul edip aldym. Lewiler Meniňkidir,


çünki nowbahar ogullaryň bary Maňa degişlidir. Müsürde nowbahar ogullary öldüren günüm, Ysraýylda haýwanu-ynsanyň ilkinji doglanlarynyň baryny Özüme bagyş etdim. Olar Meniňkidir. Men Rebdirin».


Şeýdip, Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly, ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň ählisini hasaba aldy.


«Ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň deregine lewileri, mallarynyň deregine bolsa lewileriň mallaryny kabul et. Lewiler Meniňkidir, Men Rebdirin.


Çünki ysraýyllaryň arasynda olar indi bütinleý Rebbe degişlidirler. Reb lewileri ähli ysraýyl aýallarynyň ilkinji dogran ogullarynyň öwezine Özüne aldy.


Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.


Isa Mesih hemmeleri azat etmek üçin, Özüni gurban etdi. Şeýdip, Ol Hudaýyň niýetini tassyklady. Hudaýyň niýeti bolsa gelejekde her bir adamy Öz bellän wagtynda halas etmekden ybaratdyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan