Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 3:40 - Mukaddes Kitap

40 Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Ysraýylyň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan ähli nowbahar ogullaryny ýekeme-ýeke sana we ýazga geçir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

40 Соңра Реб Муса шейле дийди: «Ысрайылың бир айлык ве ондан ёкары яшда болан әхли новбахар огулларыны екеме-еке сана ве язга гечир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 3:40
13 Iomraidhean Croise  

Men ölüler arasyna taşlanyp, Seni indi asla ýada salmaýan, Seniň eliňden uzaga düşüp, gabyrda ýatan jeset dek boldum.


Sionda galanlara – Iýerusalimde aman galanlara, Iýerusalimde ady durmuş kitabyna ýazylanlara, «Mukaddes» diýler.


«Men lewileri ysraýyllaryň nowbahar ogullaryna derek kabul edip aldym. Lewiler Meniňkidir,


«Lewileriň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň hemmesini uruglaryna we kowumlaryna görä ýazyp hasaba al» diýdi.


Olaryň deregine lewileri Men–Reb üçin kabul et, olaryň mallaryny bolsa ysraýyllaryň ilkinji doglan mallarynyň öwezine kabul et».


«Ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň deregine lewileri, mallarynyň deregine bolsa lewileriň mallaryny kabul et. Lewiler Meniňkidir, Men Rebdirin.


Şeýle hem siz erbet ruhlaryň özüňize boýun bolmagyna däl-de, atlaryňyzyň gökde ýazylmagyna begeniň» diýdi.


Eý, meniň sadyk ýoldaşym, saňa-da ýalbarýaryn: bu aýallara kömek et. Olar men, Klement we ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylan beýleki işdeşlerim bilen birlikde Hoş Habary ýaýratmakda tutanýerli işlediler.


Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.


Hudaýyň perzentleriniň ýygnagyna golaýlaşdyňyz, olaryň atlary gökde ýazylandyr. Hemmäniň Kazysy bolan Hudaýyň huzuryna geldiňiz. Hudaýyň owal-başdan kämillige ýetiren adamlarynyň öňüne geldiňiz.


Bular ömürlerinde aýala ýanaşman, öz päkligini saklanlardy. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna eýerýänlerdi. Bular ynsanlaryň arasyndan azat edilip, ilkinji hasyl hökmünde Hudaýa we Guza bagyş edilenlerdi.


Ýamanlykdan üstün gelen hem ak lybasa beslener. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin, Atamyň we Onuň perişdeleriniň huzurynda adynyň bu kitapda ýazylandygyny tassyklaryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan