Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 3:38 - Mukaddes Kitap

38 Musa bilen Harunyň we onuň ogullarynyň düşelgesi gündogar tarapda, Rebbe ýüz tutulýan öýüň öňünde, ýagny mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde bolsun. Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes öýi goramak keşigini çekerler. Olardan başga kim muňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

38 Муса билен Харуның ве онуң огулларының дүшелгеси гүндогар тарапда, Реббе йүз тутулян өйүң өңүнде, ягны мукаддес чадырың гирелгесиниң өңүнде болсун. Олар ысрайылларың хатырасына мукаддес өйи горамак кешигини чекерлер. Олардан башга ким муңа голайлашса, онуң җезасы өлүмдир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 3:38
12 Iomraidhean Croise  

Rebbe ýüz tutulýan çadyr we mukaddes ýer lewileriň baştutanlygyndady. Olar Rebbiň öýünde hyzmat edýän Harunyň nesillerinden bolan doganlaryna-da esewan bolmalydylar.


Mukaddes çadyr göçürilmeli bolanda, ony lewiler ýygnasynlar. Mukaddes öý dikilmeli bolanda, ony lewiler diksinler. Lewilerden başga, kim oňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.


Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler».


Ýahuda goşunlary mukaddes çadyryň gündogarynda öz tugy astynda düşelgesini gursun. Ýahudalaryň baştutany Eminadabyň ogly Nahşondyr.


Haruny we onuň ogullaryny hasaba al. Ruhanyçylyk wezipesini diňe şolar ýerine ýetirmelidirler, olardan başga kim mukaddes çadyra golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».


Gerşon uruglary mukaddes çadyryň ýeňsesinde, günbatar gapdalynda çadyr dikmelidiler.


Kohat uruglary mukaddes çadyryň günorta gapdalynda düşlemelidiler.


Merary uruglarynyň baştutany Abyhaýyl ogly Suryýeldi. Olar mukaddes çadyryň demirgazyk tarapynda düşlemelidiler.


Şeýle hem haýadyň daşyndaky sütünleriň dabanlary, gazyklary we zynjyrlary bilen bile olara tabşyryldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan