Musa Harunyň daýysy Uzyýeliň ogullary Mişaýyl bilen Elsapany çagyryp, olara: «Öňe çykyň-da, garyndaşlaryňyzy mukaddes otagyň öňünden aýryp, düşelgäniň daşyna çykaryň» diýdi.
Olar gorag hyzmatlaryndan şulara: sandyga, hantagta, çyradana, gurbanlyk sypasyna, mukaddes öýüň enjamlaryna, ýapynja we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler.
Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr.