Atasyny bagyş edişiň ýaly, ogullaryny hem başyna ýag guýup bagyş et, şonda olar Maňa ruhany bolup hyzmat edip bilerler: bu ruhanyçylyk olar üçin nesilme-nesil ebedilik bolar».
Musa mesh ýagyndan we gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, Harunyň üstüne we eşiklerine, onuň ogullarynyň üstüne we eşiklerine sepeledi. Şeýdip, Haruny we onuň eşiklerini, onuň ogullaryny we olaryň eşiklerini bagyş etdi.
Emma Nadap bilen Abyhu Sinaý çölünde mukaddes bolmadyk ody Rebbiň huzurynda hödür edendikleri üçin öldüler. Olardan zürýat galmady. Elgazar bilen Ytamar bolsa atalary Harunyň ýaşan döwründe ruhany bolup hyzmat etdiler.
Mukaddes Kanuna görä baş ruhanylyga ýönekeý ynsanlar bellenilýärdi, emma Kanundan soňra Hudaý ant içip, muňa Ogluny belledi. Ol kämil edilen müdimilik Baş Ruhanydyr.