29 Kohat uruglary mukaddes çadyryň günorta gapdalynda düşlemelidiler.
29 Кохат уруглары мукаддес чадырың гүнорта гапдалында дүшлемелидилер.
Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler».
Günorta gapdalynda, öz tugy astynda ruben goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Rubenleriň baştutany Şedeýuryň ogly Elisurdyr.
Gerşon uruglary mukaddes çadyryň ýeňsesinde, günbatar gapdalynda çadyr dikmelidiler.
Bularyň ýaşy bir aýlyk we ondan ýokary bolan erkek göbeklileriniň sany sekiz müň alty ýüz boldy. Bular mukaddes zatlary goramaklyga jogapkärdirler.
Kohat uruglarynyň baştutany Uzyýeliň ogly Elisapandy.