Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 3:25 - Mukaddes Kitap

25 Gerşon ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara: mukaddes çadyryň içki we daşky örtüklerine, çadyryň girelgesi üçin ýapynja,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

25 Гершон огуллары Реббе йүз тутулян чадыра дегишли гораг хызматларындан шулара: мукаддес чадырың ички ве дашкы өртүклерине, чадырың гирелгеси үчин япынҗа,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 3:25
23 Iomraidhean Croise  

Rebbe ýüz tutulýan çadyr we mukaddes ýer lewileriň baştutanlygyndady. Olar Rebbiň öýünde hyzmat edýän Harunyň nesillerinden bolan doganlaryna-da esewan bolmalydylar.


Hizkiýa ruhanylardyr lewileriň hersini topar-topar edip, hyzmatyna görä toparlara böldi. Ruhanylar hem lewiler ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny bermek we Rebbiň düşelgesiniň derwezelerinde alkyş hem öwgi aýdyp hyzmat etmekleri üçin bellendi.


Mukaddes çadyr we onuň ähli esbaplary Meniň size görkezme berşim ýaly gurulsyn.


Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly edip, mukaddes çadyryň daşky örtügini we ýapynjasyny tutdy.


Ol mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja hem tutdy.


Oňa derek olary mukaddes äht çadyryna, onuň ähli esbaplaryna we oňa degişli zatlaryň hemmesine jogapkär edip goý. Mukaddes çadyry we onuň ähli esbaplaryny olar götersinler we oňa gözegçilik etsinler, öz çadyrlaryny onuň töwereginde diksinler.


Onsoň mukaddes çadyr söküldi we ony göterýän gerşonlar bilen merarylar ýola düşdüler.


Gerşon uruglarynyň baştutany Laýeliň ogly Elýasapdy.


Olar mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Harun we tutuş halk üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň goramak keşigini çeksinler.


Ol edýän işlerine görä iki araba bilen dört öküzi gerşonlara berdi.


Bu bir uzak ýola çykan adam ýalydyr. Ol öýünden çykyp barýarka, hyzmatkärlerine ygtyýar berer, her haýsyna bir iş tabşyrar. Gapydaky garawula bolsa oýa bolmagy buýrar.


Arhipa: «Rebbiň tabşyran hyzmatyny ahyryna çenli doly bitirjekdigiňe ynamly bol» diýip aýdyň.


Eý, oglum Timoteos, sen barada aýdylan pygamberlikleri nazara alyp, saňa şuny berk tabşyrýaryn: bu pygamberliklere daýanyp, ökde söweşiji kimin söweş,


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan