Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 3:16 - Mukaddes Kitap

16 Onsoň Musa Rebbiň sözüne görä olary özüne buýrulyşy ýaly hasaba aldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Онсоң Муса Реббиң сөзүне гөрә олары өзүне буйрулышы ялы хасаба алды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 3:16
11 Iomraidhean Croise  

Ysraýylyň ogullary aýdylyşy ýaly-da etdiler. Faraonyň tabşyrygy boýunça Ýusup olara arabalar hem ýol azygyny berdi.


«Lewileriň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň hemmesini uruglaryna we kowumlaryna görä ýazyp hasaba al» diýdi.


Lewi ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat, Merary.


Rebbiň buýrugyna görä, Musa bilen Harunyň uruglaryna görä hasaba alan, bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan lewileriň erkek göbeklileriniň sany ýigrimi iki müň boldy.


Onsoň Rebbiň buýrup aýdyşy ýaly, Musa töleg pullaryny Haruna we onuň ogullaryna berdi.


Ýük daşamagy we başga işleri – ähli hyzmatlary gerşonlar Harunyň we onuň ogullarynyň buýrugy esasynda bitirsinler. Göterýän zatlaryny goramaklyga olary borçly ediň.


Bu Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat eden ähli kohatlaryň uruglarynyň baş sanydyr. Rebbiň Musanyň üsti bilen buýruşy ýaly, olary Musa bilen Harun hasaba aldy.


Bu Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat eden ähli gerşonlaryň uruglarynyň baş sanydyr. Rebbiň buýruşy ýaly, olary Musa bilen Harun hasaba aldy.


Bu Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat eden ähli merarylaryň uruglarynyň baş sanydyr. Rebbiň Musanyň üsti bilen buýruşy ýaly, olary Musa bilen Harun hasaba aldy.


Rebbiň Musanyň üsti bilen beren buýrugyna görä, her bir adamyň ýerine ýetirmeli işi we götermeli ýüki belli edildi. Rebbiň buýruşy ýaly, olar Musa tarapyndan hasaba alyndylar.


Soňra ruhanylar, ýagny Lewiniň ogullary gelsinler, çünki Hudaýyňyz Reb Özüne hyzmat eder ýaly we Öz adyndan halka pata berer ýaly, olary ruhany edip saýlady. Ähli uruşlary we dawalary olar çözýärler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan