Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 3:13 - Mukaddes Kitap

13 çünki nowbahar ogullaryň bary Maňa degişlidir. Müsürde nowbahar ogullary öldüren günüm, Ysraýylda haýwanu-ynsanyň ilkinji doglanlarynyň baryny Özüme bagyş etdim. Olar Meniňkidir. Men Rebdirin».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 чүнки новбахар огулларың бары Маңа дегишлидир. Мүсүрде новбахар огуллары өлдүрен гүнүм, Ысрайылда хайвану-ынсаның илкинҗи догланларының барыны Өзүме багыш этдим. Олар Мениңкидир. Мен Ребдирин».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 3:13
16 Iomraidhean Croise  

Kanunda ýazylyşy ýaly, nowbahar ogullarymyzy Hudaýyň öýünde hyzmat edýän ruhanylaryň ýanyna getirip, ilkinji mal-garalarymyzy, sürülerimiziň ilki bolan öküzçelerini, goýun-geçilerimiziň ilkinji erkek owlak-guzularyny olara eltip bereris.


siz ilkinji doglan her bir erkek göbeklini Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz. Mallaryňyzyň ähli ilkinji erkek doglanlary Rebbiňkidir.


Faraon doňýüreklik edip, bizi goýbermekden ýüz öwreni üçin, Reb Müsüriň ähli ilkinji doglan ynsan ogullaryndan başlap, tä mallaryň ilkinji dogran erkek jynslylaryna çenli öldürip çykdy. Şonuň üçin hem ilkinji doglan ähli erkek jynslylary Rebbe gurban edýärin, ýöne nowbahar oglumy yzyna satyn alyp bilýärin“.


Hasylyňyzyň üzüm şerbedinden we zeýtun ýagyndan bermeli sadakalaryňyzy gijikdirmän beriň. Nowbahar ogullaryňyzy Maňa bagyş ediň.


Ähli ilkinji doglan erkekler Meniňkidir. Siziň sygyrlaryňyzyň we dowarlaryňyzyň hem ilkinji erkek guzlanlary Meniňkidir.


Ähli zatlaryňyzyň ilkinji hasyly we ähli sadakalaryňyz ruhanylaryňky bolar. Öýüňize bereket iner ýaly, ilkinji galladan edilen hamyry ruhanylara beriň.


Mal-garanyň ilkinji doglany Rebbiňkidir. Ony hiç kim Rebbe bagyş edip bilmez. Öküz bolsun, owlak-guzy bolsun – parhy ýok, olar Rebbiňkidir.


Ynsan bolsun, haýwan bolsun, parhy ýok, Rebbe hödür edilýän her jandaryň ilkinji erkek doglan çagasy seniňki bolar. Emma ynsanyň we haram mallaryň ilkinji erkek doglan çagasyny yzyna satyn almalysyň.


Size peşgeş hökmünde, ysraýyllaryň arasyndan lewi doganlaryňyzy Meniň Özüm saýlap aldym. Ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny ederleri ýaly, olar Maňa bagyş edilendir.


Olaryň deregine lewileri Men–Reb üçin kabul et, olaryň mallaryny bolsa ysraýyllaryň ilkinji doglan mallarynyň öwezine kabul et».


Ol wagt müsürliler Rebbiň gyran nowbahar ogullaryny jaýlaýardylar. Reb hatda olaryň hudaýlaryny-da jezalandyrypdy.


Kanunda: «Ilkinji doglan her bir erkek göbekli Rebbe bagyş edilmeli» diýip ýazylandyr.


Hudaýyň perzentleriniň ýygnagyna golaýlaşdyňyz, olaryň atlary gökde ýazylandyr. Hemmäniň Kazysy bolan Hudaýyň huzuryna geldiňiz. Hudaýyň owal-başdan kämillige ýetiren adamlarynyň öňüne geldiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan