Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 3:10 - Mukaddes Kitap

10 Haruny we onuň ogullaryny hasaba al. Ruhanyçylyk wezipesini diňe şolar ýerine ýetirmelidirler, olardan başga kim mukaddes çadyra golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Харуны ве онуң огулларыны хасаба ал. Руханычылык везипесини диңе шолар ерине етирмелидирлер, олардан башга ким мукаддес чадыра голайлашса, онуң җезасы өлүмдир».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 3:10
25 Iomraidhean Croise  

Uza garşy Rebbiň gahary geldi. Biperwaýlyk edendigi üçin, Hudaý ony şol ýerde öldürdi. Uza edil Hudaýyň sandygynyň ýanynda jan berdi.


Ýarobgam şeýle hem seždegähler gurup, lewilerden bolmadyk adamlardan ruhanylar belledi.


Bular Süleýman Iýerusalimde Rebbiň öýüni gurýança, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň öňünde nagma aýtdylar. Olar bellenilen düzgünler boýunça hyzmata durdular.


Emma men: «Meniň ýaly adam gaçarmy? Heý-de meniň ýaly adam diri galmak üçin içki otagda gizlenermi? Ýok, men içki otaga girjek däl!» diýdim.


Olara bil guşaklaryny daň we başdaňylaryny daň. Haruny we onuň ogullaryny ruhany edip belle. Ruhanyçylyk olar üçin ebedilik düzgün bolsun.


Siz Meniň mukaddes zatlarymy goraman, gaýtam mukaddes öýümi goraýanlar hökmünde gelmişekleri öz başlaryna goýberdiňiz“».


Ruhany maşgalasyndan bolmadyk adam mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Ruhanyňkyda wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek ýa-da günlükçi mukaddes sadakalardan iýmesin.


Mukaddes çadyr göçürilmeli bolanda, ony lewiler ýygnasynlar. Mukaddes öý dikilmeli bolanda, ony lewiler diksinler. Lewilerden başga, kim oňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.


Ol size we siziň bütin lewi doganlaryňyza Özüne golaý barmaga rugsat beren bolsa-da, siz munuň üstesine ruhanylyk wezipesini hem talap edýärmisiňiz?!


Onsoň Rebden bir ot çykyp, ýakymly ysly tütetgi hödür eden iki ýüz elli kişini ýakyp ýok etdi.


Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.


Goý, olar tutuş öýi gorap, seniň üçin goramak işini ýerine ýetirsinler. Ýöne olar mukaddes öýüň enjamlaryna ýa-da gurbanlyk sypasyna asla golaýlaşmasynlar, ýogsam olaram, sizem heläk bolarsyňyz.


Emma sen ogullaryň bilen gurbanlyk sypasyna, iň mukaddes otaga degişli işleriň ählisini yhlas bilen berjaý etmelisiň. Ruhanylygy size Men peşgeş berdim. Sizden başga oňa kim golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».


Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:


Musa bilen Harunyň we onuň ogullarynyň düşelgesi gündogar tarapda, Rebbe ýüz tutulýan öýüň öňünde, ýagny mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde bolsun. Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes öýi goramak keşigini çekerler. Olardan başga kim muňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.


Eger hyzmat bolsa, goý, hyzmat etsin; öwrediji bolsa, goý, öwretsin.


Şeýlelikde, eý, ýahudy däller, siz mundan beýläk keseki-de, gelmişek-de dälsiňiz. Siz indi Hudaýyň mukaddes halkynyň raýatysyňyz we Hudaýyň maşgalasynyň agzasysyňyz.


Çünki Hudaýyňyz Reb Öz adyndan halka hyzmat etmek üçin, ähli tireleriňiziň içinden Lewini we onuň ogullaryny hemişelik ruhany edip saýlady.


Eger Ol gökde däl-de, ýerde bolsady, aslynda ruhany hem bolmazdy. Sebäbi Mukaddes Kanun boýunça sadakalary hödürleýän ruhanylar eýýäm bardy.


Mika tarapyndan salnan bir sany ybadat edilýän öý bardy. Ol efot we butlar ýasady hem-de öz ogullarynyň birini ruhany edip belledi.


Äht sandygynyň içine seredendikleri üçin, Reb beýtşemeşlileri öldürdi. Halkyň içinden Ol ýetmiş adamy öldürdi. Halk matam tutdy, çünki halky Reb gyrypdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan