Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 29:6 - Mukaddes Kitap

6 Bu täze Aýdaky gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we olaryň düzgüne görä berýän galla we içgi sadakasynyň daşyndandyr. Bular Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly sadakalardyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Бу тәзе Айдакы гүнделик берилйән якма гурбанлыгының ве оларың дүзгүне гөрә берйән галла ве ичги садакасының дашындандыр. Булар Реббе от үсти билен берилйән якымлы ыслы садакалардыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 29:6
14 Iomraidhean Croise  

Olar Töwratda ýazylyşy ýaly, Çatma baýramyny bellediler. Düzgüne laýyklykda, her gün üçin berilmeli gündelik ýakma gurbanlyklaryny sanyna görä berdiler.


«Haruna we onuň ogullaryna tabşyr. Ýakma gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir: Ýakma gurbanlygy uzakly gije gurbanlyk sypasynyň üstünde goýulmalydyr. Gurbanlyk sypasyndaky ot bolsa öçürilmeli däldir.


we bu säwligi halk tötänlikde goýberen bolsa, onda bütin halk bir öküzçäni Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Onuň ýany bilen düzgüne görä galla we içgi sadakasyny bersinler hem-de bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür etsinler.


Şu hili sadakany beren adam onuň ýany bilen bir küýze zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan biri möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny hem bersin.


Iki öküzçäni, bir goçy, ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň.


Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.


Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.


Günäleriňizden saplanmak üçin bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür ediň.


Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.


Eger araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden biri Rebbiň Pesah baýramyny bellese, onda ol ony ähli kada-kanunlara laýyklykda geçirsin. Asly ysraýylly bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir düzgün bolsun».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan