Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 29:12 - Mukaddes Kitap

12 Ýedinji aýyň on bäşine siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň. Rebbiň şanyna ýedi günläp baýram ediň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Единҗи айың он бәшине сиз мукаддес йыгнанышык гечириң, шол гүн ишлемәң. Реббиң шанына еди гүнләп байрам эдиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 29:12
16 Iomraidhean Croise  

Ýarobgam sekizinji aýyň on bäşine Ýahudadaky geçirilen baýram ýaly baýram edip, gurbanlyk sypasynda gurbanlyk berdi. Ol öz ýasan gölelerine gurbanlyklar hödür etmek üçin, Beýtelde hem şeýle etdi. Onsoň ol Beýtelde öz guran seždegählerine ruhanylar belledi.


Olar Töwratda ýazylyşy ýaly, Çatma baýramyny bellediler. Düzgüne laýyklykda, her gün üçin berilmeli gündelik ýakma gurbanlyklaryny sanyna görä berdiler.


Olar kanunda: «Ysraýyl halky ýedinji aýda baýramçylyk döwründe çatmalarda ýaşasyn. „Daglara çykyp, zeýtun, igde, mirt, palma we beýleki gyrymsy agaçlaryň şahalaryny getirip, kanunda ýazylyşy ýaly çatma guruň!“ diýip, özleriniň ähli galalarynda we Iýerusalimde jar çekdirip mälim etmeklerini Reb Musa arkaly tabşyrdy» diýlen ýazgyny tapdylar.


Baýramçylygyň birinji gününden ahyrky gününe çenli Ezra her gün Hudaýyň Töwradyndan okady. Olar ýedi günläp baýram etdiler. Sekizlenji gün bolsa buýrulyşy ýaly, mukaddes ýygnak geçirildi.


Meýdanda çeken zähmetiňiziň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Meýdandaky miweleriňizi ýygyp bolup, ýylyň ahyrynda bolsa hasyl toý beriň.


Bugdaýyň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Ýylyň ahyrynda hasyl toý beriň.


Ýedinji aýyň on bäşine baýramyň başyndan tä ahyryna çenli ýedi günläp hökümdar günä we ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny we zeýtun ýagyny şol bir mukdarda hödür etmelidir».


Şu günleriň ilkinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň.


Ýedinji aýyň birinji gününde siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň. Bu gün siziň üçin surnaý çalynýan gündür.


On üç sany öküzçäni, iki sany goçy, on dört sany birýaşar erkek toklyny ot üsti bilen ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar.


Sekizinji gün siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň.


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan