Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 29:1 - Mukaddes Kitap

1 Ýedinji aýyň birinji gününde siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň. Bu gün siziň üçin surnaý çalynýan gündür.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Единҗи айың биринҗи гүнүнде сиз мукаддес йыгнанышык гечириң ве шол гүн ишлемәң. Бу гүн сизиң үчин сурнай чалынян гүндүр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 29:1
21 Iomraidhean Croise  

Şeýdip, ysraýyllar şagalaň bilen, şahdan edilen surnaýlaryň, kernaýlaryň, kimwallaryň şowhuny, arfadyr liralaryň belent owazy bilen Rebbiň Äht sandygyny getirdiler.


Ýedinji aýyň birinji gününden başlap, olar Rebbe ýakma gurbanlyklaryny berip başladylar. Emma Rebbiň ybadathanasynyň entek düýbi tutulmandy.


Ruhanylar, lewiler, halkyň käbiri, ybadathana derwezebanlary, aýdymçylary, hyzmatkärleri we bütin ysraýyl halky öz galalarynda ornaşdylar. Ýedinji aý gelende, ysraýyllaryň hemmesi öz galalaryndadylar.


Şeýdip, ýedinji aýyň birinji güni Ezra Töwradyny halkyň öňüne getirdi. Diňläp, erkeklerdir aýallaryň we beýleki düşünip biljekleriň hemmesi ol ýerdedi.


Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny, goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.


Muşakgat çekdiren günleriňiň, ýamanlyk gören ýyllarymyzyň öwezini dolup, bizi şat eýle.


Meýdanda çeken zähmetiňiziň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Meýdandaky miweleriňizi ýygyp bolup, ýylyň ahyrynda bolsa hasyl toý beriň.


Bugdaýyň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Ýylyň ahyrynda hasyl toý beriň.


Şol gün uly surnaý çalnar; Aşur ýurdunda heläk bolanlar, Müsüre sürgün edilenler gelip, Iýerusalimdäki mukaddes dagda Rebbe ybadat ederler.


Reb Musa şeýle diýdi:


Şu günleriň ilkinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň.


Şonda Reb Öz halkynyň üstünde peýda bolar, ýyldyrym deý uçar Onuň peýkamy. Hökmürowan Reb surnaý çalar-da, günortadan harasat turzup, ýola düşer.


Ilkinji Hasyl baýramy güni, ýagny Galla baýramynda täze bugdaýdan Rebbe galla sadakasyny hödür edeniňizde, mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň.


Ýedinji aýyň on bäşine siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň. Rebbiň şanyna ýedi günläp baýram ediň.


Bir öküzçäni, bir goçy we şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň.


Sekizinji gün siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan