Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 28:7 - Mukaddes Kitap

7 Her tokly bilen bile içgi sadakasy hökmünde Rebbe bir küýze şeraby hödür edip, ony mukaddes ýerde guýsunlar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Хер токлы билен биле ичги садакасы хөкмүнде Реббе бир күйзе шерабы хөдүр эдип, оны мукаддес ерде гуйсунлар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 28:7
17 Iomraidhean Croise  

Birinji tokly bilen bir okara saýlama bugdaý ununa bir küýze zeýtun ýagyny garyp ber. Bir küýze şerap guýup, içgi sadakasy üçin ulanyň.


Huzurymdaky Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde bu adaty ýakma gurbanlygyny nesilme-nesil ýerine ýetir. Siziň bilen gepleşmek üçin, ol ýerde Men siziň bilen duşuşaryn.


Bu sypada başga hiç hili tütetgi ýakylmasyn, ýakma gurbanlygy ýa-da galla sadakasy berilmesin we onuň üstüne içgi sadakasy guýulmasyn.


Derýanyň ýylçyr daşlarynyň arasyndadyr paýyňyz, nesibäňiz şolardyr siziň; olara sadaka hökmünde şerap guýýarsyňyz, galla sadakasyny hödürleýärsiňiz, bulardan soň sizi jezasyz galdyrarynmy?


Eý, ruhanylar, jul guşanyň, ýas tutuň! Eý, gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler, dat-perýat ediň! Eý, Hudaýymyň hyzmatkärleri, gijäňizi jul içinde geçiriň! Çünki galla, içgi sadakalary kesilendir Hudaýyňyzyň öýünden.


Rebbiň öýünden kesildi indi galla hem-de içgi sadakalary. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar tutýarlar ýasy.


Kim bilýär, belki, ýüz öwürmän, eder rehimi, Özünden soň goýar berekedini, hatda Hudaýyňyz Rebbe berilýän galladyr içgi sadakalaryny?


Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Onuň bilen birlikde zeýtun ýagyna garylan ondan iki batman möçberindäki saýlama bugdaý ununy galla sadakasy hökmünde beriň. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu galla sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr. Hödür edilen içgi hökmünde bir küýze şerap beriň.


Içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby hödür ediň. Ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.


Mundan başga-da, siz ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bilen bilelikde her bir toklynyň ýany bilen içgi sadakasy hökmünde bir küýze şeraby hödürläň.


Rebbe ýakymly ysly içgi sadakasy hökmünde bir ýarym küýze şeraby hödür ediň.


Her öküz üçin içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby, goç üçin bir ýarym küýze şeraby, her tokly üçin bolsa, bir küýze şeraby hödür etsinler. Ýyl boýy her täze Aýda berilmeli ýakma gurbanlygy şudur.


Olary gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we galla sadakasynyň daşyndan, ýanynyň içgi sadakasy bilen birlikde hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar.


Bu Sinaý dagynda buýrulan gündelik ýakma gurbanlygy bolup, Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr.


Beýleki toklyny agşamara, galla we içgi sadakasy bilen birlikde, edil irdenki ýaly hödür ediň. Bu ot üsti bilen Rebbe berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr.


Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan