Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 28:6 - Mukaddes Kitap

6 Bu Sinaý dagynda buýrulan gündelik ýakma gurbanlygy bolup, Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Бу Синай дагында буйрулан гүнделик якма гурбанлыгы болуп, Реббе от үсти билен берилйән якымлы ыслы гурбанлыкдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 28:6
15 Iomraidhean Croise  

Ine, men Hudaýym Rebbe öý gurup, ol öýi Oňa bagyş etmekçi bolýaryn. Ol öýde Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakylar, gündeki hödür çöregi hödürlener, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklary hödürlener. Bular Ysraýyl üçin ebedi parzdyr.


Rebbiň kanunynda ýazylyşy ýaly, Hizkiýa ýakma gurbanlyklar üçin ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklaryny, Sabat güni üçin, Täze Aý we beýleki baýramlar üçin ýakma gurbanlyklary öz malyndan berdi.


Olar Töwratda ýazylyşy ýaly, Çatma baýramyny bellediler. Düzgüne laýyklykda, her gün üçin berilmeli gündelik ýakma gurbanlyklaryny sanyna görä berdiler.


Ine, Sen hakykat isleýärsiň ýürekde, danalygy öwredýärsiň meniň içimde.


Musa buludyň içine girip, daga çykdy. Musa dagda kyrk gije-gündiz boldy.


Hudaý Sinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, oňa ýüzüne buýruklar ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Ony Hudaýyň hut Özi ýazypdy.


Şeýle hem onuň bilen her gün ertirine batmanyň altydan biri möçberinde saýlama un bilen, ony garmak üçin bir ýarym küýze ýag bilen galla sadakasyny hödür ediň. Bu ebedi düzgünler boýunça Rebbe hemişelik galla sadakasydyr.


Gündelik ýakma gurbanlygy hökmünde her gün ertirine tokly, galla sadakasy we ýag hödürlensin».


Rebbiň Sinaý dagynda ysraýyl halky üçin Musa beren buýruklary şulardan ybaratdyr.


«Haruna we onuň ogullaryna tabşyr. Ýakma gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir: Ýakma gurbanlygy uzakly gije gurbanlyk sypasynyň üstünde goýulmalydyr. Gurbanlyk sypasyndaky ot bolsa öçürilmeli däldir.


Eý, ysraýyl halky, Maňa çölde kyrk ýyllap gurbanlyklar we sadakalar hödürlediňizmi?


Toklular bilen bile galla sadakasy üçin bir küýze sap zeýtun ýagy bilen garylan, bir batmanyň ondan birine barabar saýlama bugdaý ununy sadaka bersinler.


Her tokly bilen bile içgi sadakasy hökmünde Rebbe bir küýze şeraby hödür edip, ony mukaddes ýerde guýsunlar.


Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan