Wagt öýleden agyp, agşam gurbanlygy hödürlenmeli wagta çenli, olar uly goh-galmagal bilen tans edip, pygamberlik eden boldular, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.
Agşam gurbanlyk hödürlenmeli wagty Ylýas pygamber gurbanlyk sypasyna golaý gelip, şeýle dileg etdi: «Eý, Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýylyň Hudaýy Reb, bu gün Sen Ysraýylda Hudaýdygyňy, meniň guluňdygymy, meniň bu ähli zatlary Seniň tabşyrygyň bilen edýändigimi subut et.
Dawut olary ýakma gurbanlyk sypasynda Rebbiň Ysraýyla buýran kanunynda ýazylyşy ýaly edip, ertir-agşam yzyny kesmän Rebbe ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin belledi. Bu kanunda ähli zat hakda ýazylandy.
Toklular bilen bile galla sadakasy üçin bir küýze sap zeýtun ýagy bilen garylan, bir batmanyň ondan birine barabar saýlama bugdaý ununy sadaka bersinler.