Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 28:3 - Mukaddes Kitap

3 Olara aýt, Maňa ot üsti bilen berjek gündelik ýakma gurbanlyklary şikessiz iki sany birýaşar erkek tokly bolsun.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Олара айт, Маңа от үсти билен берҗек гүнделик якма гурбанлыклары шикессиз ики саны биряшар эркек токлы болсун.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 28:3
25 Iomraidhean Croise  

Dawut olary ýakma gurbanlyk sypasynda Rebbiň Ysraýyla buýran kanunynda ýazylyşy ýaly edip, ertir-agşam yzyny kesmän Rebbe ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin belledi. Bu kanunda ähli zat hakda ýazylandy.


Ol ýakma gurbanlyklaryny Musanyň tabşyrygy boýunça gündelik borja görä, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda, ýylda üç gezek bolýan Petir, Galla baýramy we Çatma baýramlarynda hödür etdi.


Soňra hemişelik ýakma gurbanlyklaryny, Täze Aýda we Rebbiň mukaddes baýramlarynda berilýän sadakalary we her kimiň Rebbe meýletin sadakalaryny berdiler.


Onuň iberen goşunlary mukaddes ýeri we galany eýeläp, olary harama çykararlar. Olar gündelik ýakma gurbanlygyny ýatyryp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikerler.


Gündelik ýakma gurbanlygyň ýatyrylyp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň dikeldilen wagtyndan başlap, bir müň iki ýüz togsan gün geçer.


Kiçijik şah özüni hatda goşun serdaryna çenli beýgeltdi. Ol goşun serdarynyň elinden gündelik ýakma gurbanlygyny alyp, mukaddes öýi ýok etdi.


Onsoň men bir perişdäniň geplänini eşitdim. Başga bir perişde bu geplän perişdä şeýle sorag berdi: «Bu görnüşde görlen zatlar haçana çenli dowam ederkä? Haçana çenli gündelik ýakma gurbanlygynyň ýerini weýrançylyk getirýän gozgalaň tutjakka we mukaddes öý bilen goşun aýak astyna taşlanyp depelenjekkä?»


Onsoň Harunyň ogullary bulary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otdaky ýakma gurbanlygy bilen bile ýaksynlar. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ysy Oňa ýakymlydyr.


«Haruna we onuň ogullaryna tabşyr. Ýakma gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir: Ýakma gurbanlygy uzakly gije gurbanlyk sypasynyň üstünde goýulmalydyr. Gurbanlyk sypasyndaky ot bolsa öçürilmeli däldir.


Baryň, Beýtele gidip, günä ediň, Gilgala gidip, ýazygyňyzy artdyryň, her gün ertirine gurbanlyklaryňyzy, her üç günden gazanjyňyzyň ondan birini getiriň.


Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we içgi sadakasynyň daşyndan, her Sabat güni berilýän ýakma gurbanlygy şudur.


Gündelik berilýän ýakma gurbanlygy bilen içgi sadakasyndan başga-da, Rebbe günä gurbanlygy üçin bir teke hödür edilsin.


Bulary gündelik berilýän gurbanlyklara degişli bolup, irden berilýän ýakma gurbanlyklaryň daşyndan hödür etsinler.


Şeýdip, olar her gün – ýedi günläp, ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly iýmit sadakasyny hödür etsinler. Bu gündelik berilýän ýakma gurbanlygydyr, ol içgi sadakasynyň daşyndan berilsin.


Olary gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we galla sadakasynyň daşyndan, ýanynyň içgi sadakasy bilen birlikde hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar.


Toklularyň birini ir bilen, beýlekisini agşamara bersinler.


Günäden saplaýan günä gurbanlygynyň, gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, onuň galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür ediň.


Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.


Bu täze Aýdaky gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we olaryň düzgüne görä berýän galla we içgi sadakasynyň daşyndandyr. Bular Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly sadakalardyr.


Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!


Ähli zat şunuň ýaly gurnalandan soň, ruhanylar her gün çadyryň daşky otagyna girip, öz borçlaryny ýerine ýetirýärdiler.


Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan