Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 28:28 - Mukaddes Kitap

28 Galla sadakaňyz zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, her öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

28 Галла садакаңыз зейтун ягы гарылан сайлама бугдай унундан болуп, хер өкүз үчин бир батманың ондан үч, гоч үчин бир батманың ондан ики,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 28:28
8 Iomraidhean Croise  

Ýehoýada Rebbiň öýüne gözegçilik etmek işine ruhanylary we lewileri belledi. Dawut olary Rebbiň öýüne gözegçilik etmäge belläpdi. Olar Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Dawudyň tabşyrygy boýunça şadyhorramlyk we aýdym-saz bilen Rebbe ýakma gurbanlyklar hödürlemelidiler.


Rebbiň kanunynda ýazylyşy ýaly, Hizkiýa ýakma gurbanlyklar üçin ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklaryny, Sabat güni üçin, Täze Aý we beýleki baýramlar üçin ýakma gurbanlyklary öz malyndan berdi.


Hudaýyň adamy Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Ýosadagyň ogly Ýeşuwa beýleki ruhanylar bilen, Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl öz garyndaşlary bilen Ysraýylyň Hudaýyna ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin, gurbanlyk sypasyny ýasadylar.


Men Mowapda seždegählerde gurbanlyk hödür edeni we öz hudaýlaryna tütetgi ýakany ýok ederin. Muny Reb aýdýandyr.


Emma Ysraýylda ähli baýramlarda Täze Aý baýramynda, dabaralarda, Sabat günlerinde ýakma gurbanlygyny, galla we içgi sadakalaryny bermek hökümdaryň borjudyr. Ysraýyl halkyny günäden saplamak üçin günä gurbanlygyny, galla sadakasyny, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny getirjek oldur».


Sekizlenji gün ol adam iki sany bir ýaşar şikessiz goçy, bir sany şikessiz bir ýaşar guzyny, zeýtun ýagyna garylan ondan üç batmana barabar saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny galla sadakasy hökmünde ruhana getirip bersin.


Iki öküzçäni, bir goçy, ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň.


ýedi toklynyň her biri üçin bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan