Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 28:25 - Mukaddes Kitap

25 Ýedinji gün bolsa mukaddes ýygnanyşyk geçirsinler we şol gün işlemesinler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

25 Единҗи гүн болса мукаддес йыгнанышык гечирсинлер ве шол гүн ишлемесинлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 28:25
14 Iomraidhean Croise  

Birinji günde we ýedinji günde siz mukaddes ýygnanyşyk etmelisiňiz. Şol günler ýekeje iş hem edilmeli däldir, diňe öz iýjek zatlaryňyzy taýýarlaň.


Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz we ýedinji güni siz Rebbiň şanyna toý edersiňiz.


Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. Bu nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.


Şol gün siz işlemäň. Siz Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlygy hödürläň“».


Alty günläp işläň, ýedinji gün Sabatdyr, ol doly dynçlyk we mukaddes ýygnanyşyk günüdir. Şol gün siz hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, şol Sabat güni Rebbe degişlidir.


Şu günleriň ilkinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň.


Ýedi günläp Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlaryňyzy hödürläp, ýedinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň“».


Şu günleriň ilkinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň.


Ilkinji Hasyl baýramy güni, ýagny Galla baýramynda täze bugdaýdan Rebbe galla sadakasyny hödür edeniňizde, mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň.


Ýedinji aýyň birinji gününde siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň. Bu gün siziň üçin surnaý çalynýan gündür.


Ýedinji aýyň on bäşine siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň. Rebbiň şanyna ýedi günläp baýram ediň.


Sekizinji gün siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň.


Alty günläp petir iýiň, ýedinji gün bolsa Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes ýygnanyşyk ediň, başga hiç iş etmäň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan