Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 28:2 - Mukaddes Kitap

2 «Ysraýyllara şeýle buýruk ber, Maňa berýän sadakalaryny öz bellenen wagtynda hödür etsinler. Bular Meniň naharymdyr, Maňa ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyklardyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 «Ысрайыллара шейле буйрук бер, Маңа берйән садакаларыны өз белленен вагтында хөдүр этсинлер. Булар Мениң нахарымдыр, Маңа от үсти билен берилйән якымлы ыслы гурбанлыклардыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 28:2
32 Iomraidhean Croise  

Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin.


Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ýakma gurbanlyklar berenlerinde, Rebbe şükür edip, öwgüler aýtmalydylar. Olar bu işleri emr edilen düzgünlere görä hemişe Rebbiň huzurynda ýerine ýetirmelidiler.


Ýehoýada Rebbiň öýüne gözegçilik etmek işine ruhanylary we lewileri belledi. Dawut olary Rebbiň öýüne gözegçilik etmäge belläpdi. Olar Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Dawudyň tabşyrygy boýunça şadyhorramlyk we aýdym-saz bilen Rebbe ýakma gurbanlyklar hödürlemelidiler.


Rebbiň kanunynda ýazylyşy ýaly, Hizkiýa ýakma gurbanlyklar üçin ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklaryny, Sabat güni üçin, Täze Aý we beýleki baýramlar üçin ýakma gurbanlyklary öz malyndan berdi.


Hudaýyň adamy Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Ýosadagyň ogly Ýeşuwa beýleki ruhanylar bilen, Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl öz garyndaşlary bilen Ysraýylyň Hudaýyna ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin, gurbanlyk sypasyny ýasadylar.


Olar ýerli halklardan gorkansoňlar, gurbanlyk sypasyny öňki ýerinde ýasadylar. Olar gurbanlyk sypasynda ertirine we agşamyna Rebbe ýakma gurbanlyklaryny berdiler.


Biz halk, ruhanylar we lewiler bije atyşyp, her ýyl bellenen wagtlarda Hudaýymyzyň öýüne oduny haýsy urugyň getirmelidigini şertleşdik. Bu odunlar kanunda ýazylyşy ýaly, Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasynda ýakylmalydy.


Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny, goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.


Petir baýramyny belläň. Meniň buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, çünki siz Müsürden şol aýda çykdyňyz. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.


Gurbanlyk sypasynyň üstünde tutuş goçy ýak. Bu Meniň üçin ýakma gurbanlygydyr. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.


Saňa beren çöregimi, iýdiren oňat unumy, zeýtun ýagyny we baly hoşboý yslar hökmünde olaryň öňünde goýduň, hawa, şeýle etdiň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Sizi halklaryň arasyndan çykaryp, dargadylan ýurtlaryňyzdan ýygnanymda, sizi hoşboý ys hökmünde kabul ederin we milletleriň gözleriniň alnynda Öz mukaddesligimi ykrar ederin.


Emma Ysraýylda ähli baýramlarda Täze Aý baýramynda, dabaralarda, Sabat günlerinde ýakma gurbanlygyny, galla we içgi sadakalaryny bermek hökümdaryň borjudyr. Ysraýyl halkyny günäden saplamak üçin günä gurbanlygyny, galla sadakasyny, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny getirjek oldur».


Gurbanlyk janlysynyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Onsoň ruhany bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Soňra ruhany guşuň ganatlaryndan tutup, ony ikä bölsün, ýöne bölekleri biri-birinden doly bölüp aýyrmasyn. Onsoň ol guşy gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Ruhanylar özlerini Hudaýa bagyş etsinler we Hudaýyň adyna ysnat getirmesinler. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasyny hödürleýän şolardyr. Ruhanylar mukaddes bolmalydyrlar.


Siz ruhanylary mukaddes saýyň, çünki Hudaýyňyza iýmit sadakasyny olar hödürleýärler. Halk hem olary mukaddes saýsyn, sebäbi sizi mukaddes edýän Men – Reb mukaddesdirin.


Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn.


Emma siz: „Rebbiň saçagy haramdyr, çöregidir ir-iýmişini kemsitsek hem bolar“ diýip, Meniň adyma ysnat getirýärsiňiz.


Siz Meniň gurbanlyk sypamda haram gurbanlyklar hödürläp, Meniň adymy kemsitdiňiz. Siz ýene-de: „Biz nädip Seni haram etdik?“ diýip soraýarsyňyz. „Rebbiň saçagyny kemsitsek hem bolar“ diýip, Meni haram etdiňiz.


we bu säwligi halk tötänlikde goýberen bolsa, onda bütin halk bir öküzçäni Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Onuň ýany bilen düzgüne görä galla we içgi sadakasyny bersinler hem-de bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür etsinler.


gara maly ýa goýun-geçini Rebbe ot üsti bilen hödür edip, ondan aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde bereniňizde we bellemeli baýramlaryňyzda edilişi ýaly, ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bereniňizde, olaryň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.


Rebbe ýakymly ysly içgi sadakasy hökmünde bir ýarym küýze şeraby hödür ediň.


Reb Musa şeýle diýdi:


Bulary siz aýdylan sadakaňyzyň, meýletin sadakaňyzyň, ýakma gurbanlygyňyzyň, galla we içgi sadakalaryňyzyň, salamatlyk gurbanlygyňyzyň daşyndan bellemeli baýramlaryňyzda Rebbe hödür ediň».


Emma kimde-kim tämizdigine we uzak ýola gitmändigine garamazdan, Pesah baýramyny bellemese, onda ol Rebbe berilmeli sadakany bellenen wagtynda bermänligi üçin, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Beýle adam eden günäsi üçin jezasyny çekmelidir.


«Ölä galtaşyp haram bolsak-da, biz näme üçin beýleki ysraýyllar bilen bile Rebbe bellenen wagtda gurbanlyk bermeli dälmişik?» diýdiler.


Çünki biz gutulyş ýolundan barýanlaryň-da, heläkçilik ýolundan barýanlaryň-da arasynda Hudaý üçin Mesihiň müşki-anbarydyrys.


Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.


Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan