Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 28:14 - Mukaddes Kitap

14 Her öküz üçin içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby, goç üçin bir ýarym küýze şeraby, her tokly üçin bolsa, bir küýze şeraby hödür etsinler. Ýyl boýy her täze Aýda berilmeli ýakma gurbanlygy şudur.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Хер өкүз үчин ичги садакасы хөкмүнде ики күйзе шерабы, гоч үчин бир ярым күйзе шерабы, хер токлы үчин болса, бир күйзе шерабы хөдүр этсинлер. Йыл бойы хер тәзе Айда берилмели якма гурбанлыгы шудур.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 28:14
11 Iomraidhean Croise  

Soňra hemişelik ýakma gurbanlyklaryny, Täze Aýda we Rebbiň mukaddes baýramlarynda berilýän sadakalary we her kimiň Rebbe meýletin sadakalaryny berdiler.


Sadaka bermek biderekdir, ýakymly ysly tütetgiňiz Maňa nejislikdir. Täze Aý baýramynda, Sabat gününde pislik edýärkäňiz guraýan mejlisiňize, ýygnanyşygyňyza çydap bilmeýärin.


Men Mowapda seždegählerde gurbanlyk hödür edeni we öz hudaýlaryna tütetgi ýakany ýok ederin. Muny Reb aýdýandyr.


Hökümdaryň Sabat güni Rebbe hödür etmeli ýakma gurbanlygy şikessiz alty tokly we bir goç bolar.


Eý, ruhanylar, jul guşanyň, ýas tutuň! Eý, gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler, dat-perýat ediň! Eý, Hudaýymyň hyzmatkärleri, gijäňizi jul içinde geçiriň! Çünki galla, içgi sadakalary kesilendir Hudaýyňyzyň öýünden.


Mundan başga-da, siz ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bilen bilelikde her bir toklynyň ýany bilen içgi sadakasy hökmünde bir küýze şeraby hödürläň.


onda öküz bilen birlikde iki küýze zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan üç möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny hödür ediň.


Her tokly üçin galla sadakasy hökmünde zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan bir möçberindäki saýlama bugdaý ununy Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde hödür etsinler.


Gündelik berilýän ýakma gurbanlygy bilen içgi sadakasyndan başga-da, Rebbe günä gurbanlygy üçin bir teke hödür edilsin.


Her tokly bilen bile içgi sadakasy hökmünde Rebbe bir küýze şeraby hödür edip, ony mukaddes ýerde guýsunlar.


Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan