Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 28:11 - Mukaddes Kitap

11 Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Хер айың башында ики өкүзчәни, бир гочы, шикессиз еди саны биряшар эркек токлыны якма гурбанлыгы хөкмүнде Реббе багыш этсинлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 28:11
32 Iomraidhean Croise  

Adamsy ondan: «Bu gün aýyň başy däl ýa-da Sabat güni däl. Sen näme üçin onuň ýanyna şu gün gitjek?» diýip sorady. Aýaly hem: «Hemme zat gowy, alada etme» diýip jogap berdi.


Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ýakma gurbanlyklar berenlerinde, Rebbe şükür edip, öwgüler aýtmalydylar. Olar bu işleri emr edilen düzgünlere görä hemişe Rebbiň huzurynda ýerine ýetirmelidiler.


Süleýman Sur patyşasy Hurama çapar iberip şeýle diýdi: «Özüne ýaşar ýaly köşk gurunsyn diýip, kakam Dawuda iberen kedr agaçlaryňdan maňa-da ibermegiňi towakga edýärin.


Ine, men Hudaýym Rebbe öý gurup, ol öýi Oňa bagyş etmekçi bolýaryn. Ol öýde Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakylar, gündeki hödür çöregi hödürlener, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklary hödürlener. Bular Ysraýyl üçin ebedi parzdyr.


Ol ýakma gurbanlyklaryny Musanyň tabşyrygy boýunça gündelik borja görä, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda, ýylda üç gezek bolýan Petir, Galla baýramy we Çatma baýramlarynda hödür etdi.


Soňra hemişelik ýakma gurbanlyklaryny, Täze Aýda we Rebbiň mukaddes baýramlarynda berilýän sadakalary we her kimiň Rebbe meýletin sadakalaryny berdiler.


Duşmanlarym men barada erbet gürrüň edýärler. «Haçan ölüp, ady-sory ýiter?» diýýärler.


Men barada pyşyrdaşýar meni ýigrenýänleriň bary, maňa garşy ýaman niýet edýärler.


Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny, goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.


Halas ediň ejiz bilen mätäji, erbetleriň golundan azat ediň olary.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Içki howlynyň gündogara tarap bakýan derwezesi alty iş güni ýapyk bolar. Ol diňe Sabat güni we Täze Aýyň ilkinji güni açylar.


Aýyň ilkinji güni bir öküzçe, alty tokly we bir goç hödür eder; bular şikesli bolmaly däldirler.


Öküzçe we goç bilen berilmeli galla sadakasy üçin hersine bir batman bugdaý bersin, guzular bilen berilmeli galla sadakasyny öz göwün islegine görä hödür etsin we her batman üçin dört küýze ýag bersin.


Onuň bar şadyýanlygyny, baýramlaryny, Täze Aý baýramyny we Sabat gününi, ähli dabaralaryny tamam ederin.


Gurbanlyk janlysynyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Onsoň ruhany bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň.


Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Ýerde duzak gurulmasa, guş duzaga düşermi? Içine bir zat düşmese, ýerden gapan göçermi?


Siz diýersiňiz: «Täze Aý baýramy geçsedi, gallamyzy satarys; Sabat güni basym ötsedi, bugdaýmyzy bazara çykararys. Ölçegi kiçeldip, bahany ulaldyp, galp terezi bilen adamlary aldarys.


Şat günüňizde, bellemeli baýramlaryňyzda we her aýyň başynda, ýakma we salamatlyk gurbanlygyňyzyň başynda surnaýlary çalyň. Olar siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýatlanmagyňyz üçin hyzmat eder. Hudaýyňyz Reb Mendirin».


Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakma gurbanlygy hökmünde iki öküzçäni, bir goçy we şikessiz birýaşar erkek tokludan ýedi sanysyny hödür ediň.


Siz dini baýramlara: mukaddes günlere, Täze Aý baýramlaryna, pasyl baýramlaryna we ýyllara üns berýärsiňiz ahyryn!


Şonuň üçin hem hiç kim size azyk-owkat, dini baýram, Täze Aý ýa-da Sabat güni hakda höküm çykarmasyn.


Şeýlelikde, Isa Mesihi Rebbiňiz hökmünde kabul edişiňiz ýaly, Onuň görkezen ýoly bilen ýöräň.


Dawut Ýonatana şeýle diýdi: «Ertir Täze Aý baýramydyr. Men patyşa bilen bile nahar edinmelidirin. Ýöne sen maňa gitmäge we üçünji gün agşama çenli meýdanda gizlenmäge rugsat ber.


Olar şeýle jogap berdiler: «Hawa, hanha, öňüňizden barýar. Eglenmäň. Onuň gala gelip durşy, sebäbi depelikdäki seždegähde bu gün halk gurbanlyk berýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan