Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 27:21 - Mukaddes Kitap

21 Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Эмма ол хер бир меселеде руханы Элгазара маслахат салсын. Элгазар болса оңа Урымың көмеги билен Реббиң ислегини билип берер. Ешува ве бүтин ысрайыл халкы хемме ягдайда шуңа гарап иш тутсун».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 27:21
23 Iomraidhean Croise  

Dawudyň döwründe üç ýyla çeken açlyk boldy. Dawut Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Şawulyň gan dökmegi onuň özüniň we nesliniň boýnunadyr, sebäbi ol gibgonlylary gyrgynçylyga berdi» diýdi.


Häkim olara Urymy we Tummymy ulanyp bilýän ruhany tapylýança, iň mukaddes nahardan iýmezligi tabşyrdy.


Häkim olara Urymy we Tummymy ulanyp bilýän ruhany tapylýança, iň mukaddes nahardan iýmezligi tabşyrdy.


Höküm gursakçada Urymy we Tummymy goý. Harun Meniň huzuryma gelende, olary ýüreginiň üstünden dakyp gelsin. Meniň huzurymda Harun hemişe hökümimi ysraýyllara ýetirip gezer.


Onuň döşüne gursakça dakyp, onuň içine Urymy we Tummymy saldy.


Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir.


Ol bellenen adam söweşde baştutan bolup, halkyň öňüne düşsün, goý, Rebbiň jemagaty çopansyz süri ýaly bolmasyn» diýdi.


Olar gelip, Musanyň, ruhany Elgazaryň, baştutanlaryň we bütin halkyň öňünde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde durup:


Bütin ysraýyl halky tabyn bolar ýaly, oňa öz ygtyýarlyklaryňdan ber.


Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi. Ol Ýeşuwany getirip, ruhany Elgazaryň we bütin halkyň öňünde duruzdy.


Musa bularyň dawasyny Rebbiň dykgatyna ýetirdi.


Hudaýyňyz Rebbiň Özi siziň öňüňizden geçer. Ol ähli halklary siziň öňüňizden ýok eder we siz olaryň ýerini mülk edinersiňiz. Rebbiň söz berşi ýaly, Ýeşuwa size baş bolup, derýadan geçer.


Lewi hakda şeýle diýdi: «Ýa Reb, Tummymyňy Lewä, Urymyňy sadyk guluňa ber. Ony Masada synadyň, Meriba çeşmesinde söweşdiň.


Şeýdip, ysraýyllar olaryň çöreklerinden dadyp gördüler, ýöne bu hakda Rebden maslahat soramadylar.


Ýeşuwa ölenden soň, ysraýyllar: «Kenganlaryň garşysyna ilki haýsymyz söweşe çykmaly?» diýip, Rebden soradylar.


Ysraýyllar Beýtele bardylar-da: «Haýsymyz urşa ilki başlarys?» diýip, Hudaýdan soradylar. Reb: «Ýahuda öňürti başlar» diýdi.


Şawulyň ruhany bilen gepleşip duran wagtyna çenli piliştlileriň düşelgesinde dowam edýän başagaýlyk ýetjek derejesine ýetipdi. Şoňa görä Şawul ruhana: «Äht sandygyndan eliňi aýyr» diýdi.


Şawulyň niýetiniň ýamandygyny bilende, Dawut ruhany Abýatara: «Efody getir, Hudaýyň islegini bileli» diýdi.


Şawul Rebbe ýüz tutdy, ýöne Reb oňa ne düýşde, ne Urymyň üsti bilen, ne-de pygamberleriň üsti bilen jogap berdi.


Ol Ahymelegiň ogly ruhany Abýatara: «Efody getir» diýdi. Abýatar efody Dawudyň ýanyna getirdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan