Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 27:18 - Mukaddes Kitap

18 Onda Reb Musa şeýle diýdi: «Meniň Ruhumdan dolan Nunuň ogly Ýeşuwany saýla-da, elleriňi onuň üstünde goý.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Онда Реб Муса шейле дийди: «Мениң Рухумдан долан Нунуң оглы Ешуваны сайла-да, эллериңи онуң үстүнде гой.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 27:18
32 Iomraidhean Croise  

Faraon öz emeldarlaryna: «Biz Ýusupdan başga Hudaýyň Ruhy bolan adamy tapyp bilmeris» diýdi.


Elişamadan Nun, Nundan Ýeşuwa doguldy.


Musa Ýeşuwa: «Biziň üçin adamlar saýla we git-de amalekler bilen uruş. Ertir men elime Hudaýyň hasasyny alyp, depäniň üstünde duraryn» diýdi.


Men sende hudaýlaryň ruhunyň bardygyny, saňa ýiti aň, düşünje we beýik paýhaslylyk berlendigini eşitdim.


Men aşak inip, ol ýerde seniň bilen gepleşerin. Saňa beren Ruhumdan alyp, olara-da bererin. Ana onsoň, halkyň garamatyny ýeke özüň çekmersiň, halkyň garamatyny olar seniň bilen deň çekişerler.


gat tiresinden Makynyň ogly Gewuwal.


ysakar tiresinden Ýusubyň ogly Ýygal;


Onsoň ellerini Ýeşuwanyň depesinde goýup, Rebbiň özüne aýdyşy ýaly, ony halkyň ýolbaşçysy belledi.


Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär.


Şeýlelikde, olar agyz bekläp, doga-dileg etdiler we ellerini olaryň üstüne goýup, Barnap bilen Şawuly ýola saldylar.


Pawlus olaryň üstlerine elini goýan badyna, olara Mukaddes Ruh indi. Olar nämälim dillerde gepläp, pygamberlik etmäge başladylar.


Eý, doganlar, öz araňyzdan ýedi adamy saýlaň. Olar Mukaddes Ruhdan we akyl-paýhasdan doly, atly-abraýly adamlar bolsunlar. Bu hyzmaty şolara tabşyralyň.


Onsoň bu adamlary resullaryň huzuryna getirdiler. Resullar hem ellerini olaryň başyna goýup, olar üçin Hudaýa doga-dileg etdiler.


Siz sebäpli Rebbiň hatda maňa-da gahary gelip, Ol maňa şeýle diýdi: „Sen hem ol ýurda aýagyňy sekmersiň.


Şol wagt men Ýeşuwa hem tabşyryk berip: „Hudaýyňyz Rebbiň bu iki hana näme edenini öz gözüňiz bilen gördüňiz. Reb siziň üstünden geçjek ähli hanlyklaryňyzy şeýle eder.


Emma Ýeşuwa tabşyr, ony ruhlandyr we güýçlendir, sebäbi halka baş bolup, Iordandan geçjek we seniň görjek şol ýurduňy olara mülk edip paýlap berjek Ýeşuwadyr“ diýdi.


Reb Musa: «Seniň ölmeli wagtyň golaýlaşdy. Ýeşuwany çagyr-da, ikiňiz hem Maňa ýüz tutulýan çadyra baryň, Men oňa buýruklarymy mälim etjek» diýdi. Şeýlelikde, Musa bilen Ýeşuwa ikisi Rebbe ýüz tutulýan çadyra bardylar.


Soňra Reb Nunuň ogly Ýeşuwanyň etmeli işlerini tabşyrdy we oňa: «Dözümli we mert bol, çünki ysraýyllary Meniň söz beren ýurduma getirjek sensiň. Men seniň bilen bolaryn!» diýdi.


Hudaýyňyz Rebbiň Özi siziň öňüňizden geçer. Ol ähli halklary siziň öňüňizden ýok eder we siz olaryň ýerini mülk edinersiňiz. Rebbiň söz berşi ýaly, Ýeşuwa size baş bolup, derýadan geçer.


Nunuň ogly Ýeşuwa paýhaslylyk ruhundan dolupdy, çünki Musa onuň üstüne ellerini goýupdy. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar oňa gulak asdylar.


Pygamberlik sözi arkaly we ýygnak ýolbaşçylarynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen özüňe berlen peşgeşi äsgermezlik etme.


Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.


suwa çümdürilip päklenmek, el goýup dileg etmek barada, şeýle-de ölüleriň direlişi we ebedi höküm barada gaýta-gaýta esasy taglym almagymyzyň geregi ýok.


Biz edil Musa boýun egşimiz ýaly, saňa hem boýun egeris. Ýöne Hudaýyň Reb elmydama Musa bilen bolşy ýaly, seniň bilen hem bile bolsun.


Ýeftaha Rebbiň Ruhy inipdi. Ol Gilgadyň we Manaşanyň üstünden geçdi. Ol Gilgatdaky Mispäniň üstünden geçip, ammonlylaryň üstüne gitdi.


Rebbiň Ruhy Otniýele indi; ol ysraýyllara serdar bolup, urşa çykdy, Reb Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymy onuň eline berdi. Otniýel Kuşan-rişataýymy boýun egdirdi.


Olaryň biri: «Ýogsa-da, men beýtullahamly Ýyşaýyň bir ogluny gördüm. Saza ussat, batyr ýigit, gaýduwsyz urşujy, dilewar hem görmegeý. Reb hem onuň bilen» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan