Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 27:11 - Mukaddes Kitap

11 Eger atasynyň doganlary-da bolmasa, onda mülki öz urugyndan oňa iň ýakyn bolan garyndaşyna berilsin. Men Rebbiň Musa buýruşym ýaly, ysraýyllara şeýle düzgün parz bolsun».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Эгер атасының доганлары-да болмаса, онда мүлки өз уругындан оңа иң якын болан гарындашына берилсин. Мен Реббиң Муса буйрушым ялы, ысрайыллара шейле дүзгүн парз болсун».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 27:11
7 Iomraidhean Croise  

Şeýlelikde, Rebbiň sözüne görä daýymyň ogly Hanamel garawulhana, meniň ýanyma gelip: «Benýamin topragynda ýerleşýän Anatot obasyndaky meniň ekin meýdanymy satyn alsana, sebäbi miras hukugy boýunça ony satyn almaga sen borçlusyň. Ony özüň üçin satyn al» diýdi. Şonda men bu sözüň Rebbiňkidigini bildim.


Eger öz garyndaşlaryňyzdan biri garyp düşüp, mülküniň bir bölegini satsa, onda onuň hossary gelip, onuň satan ýerini yzyna satyn alsyn.


Agasy ýa-da doganoglany, ýa-da öz kowmyndan bolan mährem garyndaşlarynyň biri ony yzyna satyn alyp biler. Eger satylanyň özi baýasa, onda onuň özi özüni yzyna satyn alyp biler.


Eger onuň doganlary-da bolmasa, onda mülki atasynyň doganlaryna berilsin.


Bular siz nirede ýaşasaňyz-da, nesiller boýy size parz we höküm bolsun.


Şol günden beýläk Dawut muny Ysraýyl üçin kanun we parz edip goýdy. Bu kanun şu güne çenli dowam edip gelýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan