Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 26:65 - Mukaddes Kitap

65 Çünki Reb olar hakda şeýle diýipdi: «Olaryň hemmesi çölde ölüp giderler. Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwadan başga olaryň ýekejesi hem diri galmaz».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

65 Чүнки Реб олар хакда шейле дийипди: «Оларың хеммеси чөлде өлүп гидерлер. Епуннәниң оглы Калеп билен Нунуң оглы Ешувадан башга оларың екеҗеси хем дири галмаз».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 26:65
20 Iomraidhean Croise  

Halys tapdan düşdüm, mydar galmady, ýürek yzasyndan zar-zar gygyrýan.


Şeýlelik bilen, ysraýyllar Ragmesesden Sukoda tarap ýola düşdüler. Olar aýallardan we çagalardan başga alty ýüz müň töweregi pyýada erkek adamdy.


Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:


Emma siziň läşleriňiz bu çöllükde serler.


Men-Reb şeýle diýmek bilen, bu aýdanlarymy Meniň garşyma birleşen bu azgyn halkyň başyndan indererin. Şu çöllükde bularyň baryny gyryp, ýok ederin».


Olardan diňe Nunuň ogly Ýeşuwa bilen Ýepunnäniň ogly Kalep diri galdy.


«Biziň atamyz çölde jan berdi. Ol Rebbiň garşysyna baş göteren Koranyň toparyna goşulmady, ol öz günäsi üçin öldi we ondan ogul galmady.


Ýolbaşçy saýlanmaly adamlar şulardyr: ýahuda tiresinden Ýepunnäniň ogly Kalep.


Hudaýyň mähribanlygy we berkligi barada oýlanyň. Ol ýykylanlar üçin berkdir, siziň üçin bolsa mähremdir. Eger siz Onuň mähribanlygyna bil baglasaňyz, Ol hem size mährem bolar. Eger bil baglamasaňyz, siz hem kesilip taşlanarsyňyz.


Ýeşuwanyň ysraýyllary näme üçin sünnetländiginiň sebäbi şudur: Müsürden çykyp gaýdan, söweş ýaşyna ýeten ähli erkekler ýöriş edenlerinde ýolda, çölde öldüler.


Bu zatlaryň ählisini ozal bilýän hem bolsaňyz, muny size ýatlatmakçy bolýaryn: Reb ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan azat etdi, emma soňra iman etmedik adamlary ýok edip taşlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan