Siz bije boýunça ýurdy özüňize, içiňizde ýaşaýan gelmişeklere we olaryň araňyzda doglan çagalaryna mülk hökmünde paýlaň. Ol gelmişekler siziň üçin asly ysraýylly hasaplanmalydyrlar. Olar hem bije boýunça ysraýyl tireleriniň arasynda siziň bilen deň mülk edinerler.
Indi näme? Ysraýyl halky dogrulyga ymtylsa-da, oňa ýetip bilmedi. Oňa diňe saýlanyp-seçilenler ýetdi, galanlary bolsa öz doň ýürekleriniň ygtyýaryna tabşyryldy.