Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 26:55 - Mukaddes Kitap

55 Ýurdy bije boýunça tireler arasynda paýlaşsynlar. Her kim öz tiresiniň paýyna görä eýelemelidir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

55 Юрды биҗе боюнча тирелер арасында пайлашсынлар. Хер ким өз тиресиниң пайына гөрә эелемелидир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 26:55
21 Iomraidhean Croise  

Bije etege atylýar, ýöne höküm Rebdendir.


Bije dawany togtadýandyr, güýçli garşydaşlaryň arasyndaky meseläni çözýändir.


Siz bije boýunça ýurdy özüňize, içiňizde ýaşaýan gelmişeklere we olaryň araňyzda doglan çagalaryna mülk hökmünde paýlaň. Ol gelmişekler siziň üçin asly ysraýylly hasaplanmalydyrlar. Olar hem bije boýunça ysraýyl tireleriniň arasynda siziň bilen deň mülk edinerler.


Ýer bije atylyp paýlansyn, uly paýy uly tirä, kiçi paýy kiçi tirä beriň».


Ýurdy bije boýunça tireler arasynda paýlaşsynlar. Uly tirä uly mülk, kiçi tirä-de kiçi mülk berilsin. Kimiň bijesi çyksa, mülk hem şonuňky bolar. Mülk tirelere görä paýlansyn.


Musa ysraýyllara buýruk berip, şeýle diýdi: «Rebbiň size bije atyp, dokuz tiräniň we günbatardaky manaşa tiresiniň arasynda paýlamagy emr eden mülki, ine, şu toprakdyr.


«Reb ýurdy bije atyp, mülk hökmünde ysraýyllara paýlap ber diýip, agamyz Musa emr etdi. Doganymyz Selophadyň mülküni onuň gyzlaryna bermegi hem Reb agamyza buýurdy.


Onsoň bu ikisi üçin bije atdylar. Mattiniň bijesi çykdy. Şeýlelikde, Mattiý on bir resula goşuldy.


Nurdaky Öz halkynyň mirasyna şärik bolmaga sizi doly mynasyp eden Ata Hudaýa şatlanyp şükür ediň.


Şeýdip, Ýeşuwa Rebbiň Musa basyp almaly diýen ýerleriniň hemmesini aldy we ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça olara mülk edip paýlap berdi. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.


Rebbiň Musanyň üsti bilen olara buýruşy ýaly, olar mülk ýerleri dokuz tiräniň we bir sany ýarym tiräniň arasynda bije atyşmak bilen paýlaşdylar.


Ýusubyň nesilleri Ýeşuwa: «Näme üçin sen bize bir bije paý we bir mülk ýer berýärsiň? Biziň bolsa adam sanymyz köp, bizi Reb ýalkady» diýdiler.


Mülk ýeriň ýedi bölegini hem ýazga geçiriň-de, maňa getirip beriň. Men şu ýerde Hudaýymyz Rebbiň huzurynda siziň üçin bije ataryn.


Ikinji gezek şimgon tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň mülki ýahuda tiresiniň mülk ýeriniň içinden düşdi.


Üçünji gezek zebulun tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň mülk ýeriniň araçägi Saryda çenli uzalýar.


Dördünji gezek ysakar tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.


Bäşinji gezek aşer tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.


Altynjy gezek naftaly tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.


Ýedinji gezek dan tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan