Musa ysraýyllara buýruk berip, şeýle diýdi: «Rebbiň size bije atyp, dokuz tiräniň we günbatardaky manaşa tiresiniň arasynda paýlamagy emr eden mülki, ine, şu toprakdyr.
Şeýdip, Ýeşuwa Rebbiň Musa basyp almaly diýen ýerleriniň hemmesini aldy we ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça olara mülk edip paýlap berdi. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.