Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 26:20 - Mukaddes Kitap

20 Uruglaryna görä Ýahudanyň ogullary şulardyr: Şelanyň neslinden şelalar urugy, Peresiň neslinden peresler urugy, Zeranyň neslinden zeralar urugy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

20 Уругларына гөрә Яхуданың огуллары шулардыр: Шеланың неслинден шелалар уругы, Пересиң неслинден переслер уругы, Зераның неслинден зералар уругы.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 26:20
18 Iomraidhean Croise  

Ýahuda gelni Tamara: «Sen ataň öýüne git-de, oglum Şela ýigit çykýança, ol ýerde dullugyňa ýaşaber» diýdi. Çünki Ýahuda Şela-da beýleki iki dogany ýaly öler öýdüp gorkýardy. Şeýdip, Tamar atasy öýüne gitdi.


Ol dulluk geýimini çalşyryp, ýüzüni büräp, daşyna örtgi oranyp, Timna gidilýän ýoluň ugrundaky Eýnaýymyň derwezesiniň agzynda oturdy. Çünki Tamar Şelanyň ýigit çykandygyny bilýärdi, emma ol heniz Şela berilmändi.


Ol soňra ýene-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Şela dakdy. Aýaly soňky ogluny dogranda, Ýahuda Kezipdedi.


Ýahudanyň ogullary: Er, Onan, Şela, Peres, Zera. Bulardan Er bilen Onan Kenganda ölüpdiler. Peresiň ogullary: Hesron, Hamul.


Eý, Ýahuda, eliň duşmanlaryňyň ýakasynda bolar, doganlaryň seni öwerler, ataňyň ogullary saňa boýun egerler.


Ýahudanyň ogly Şelanyň nesilleri şulardyr: Lekany esaslandyran Er, Mareşany esaslandyran Lagda, Beýtaşbeýadaky nepis zygyr mata dokaýanlaryň urugy,


Ýahudanyň ogly Peresiň neslinden: Banynyň ýuwlugy, Imriniň çowlugy, Omrynyň agtygy, Emihudyň ogly Utaý.


Şilon urugyndan: nowbahar ogly Asaýa hem-de onuň ogullary.


Ýahuda nesliniň Zera urugyndan Meşezabeliň ogly Petahýa halka degişli her bir işde patyşanyň ýanynda wekilçilik edýärdi.


Ýahuda we benýamin tireleriniň käbirleri Iýerusalimde ýaşadylar. Ýahuda tirelerinden: Zakarýanyň agtygy, Uzyýanyň ogly Ataýa. Onuň ata-babalaryna Peresiň neslinden bolan Amarýa, Şepatýa, Mahalalel degişlidir.


Iýerusalimde mesgen tutan Peresiň ähli nesilleri dört ýüz altmyş sekiz edermen urşujylardan ybaratdy.


Peres ogullaryndan bolanlar şulardyr: Hesronyň neslinden hesronlar urugy, Hamulyň neslinden hamullar urugy.


Ýahudadan Peres bilen Zerah doguldy, olaryň ejesi Tamardy. Peresden Hesron, Hesrondan Ram doguldy.


Nahşon Eminadabyň, Eminadap Admynyň, Admyn Arnynyň, Arny Hesronyň, Hesron Peresiň, Peres Ýahudanyň,


Ýahuda tiresinden on iki müň adam, ruben tiresinden on iki müň adam, gat tiresinden on iki müň adam,


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan