Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 26:11 - Mukaddes Kitap

11 Koranyň ogullary bolsa ölmän galypdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Кораның огуллары болса өлмән галыпдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 26:11
19 Iomraidhean Croise  

Meraýotdan Amarýa, Amarýadan Ahytup,


Kora urugyndan bolan Ebiýasabyň agtygy, Koreniň ogly Şallum we onuň kowumdaşy koralar hem ata-babalarynyň Rebbiň mesgenine derwezebançylyk edişleri ýaly, Rebbiň mukaddes çadyryna derwezebançylyk etdiler.


Eý, Hudaý, Sen meni akla! Hudaýsyz milletden alyp ber meniň hakymy, hilegär we adalatsyz adamdan halas et meni.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Liliýa» äheňinde aýdylýan. Koranyň nesilleriniň maskili. Söýgi nagmasy.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna, soprana derejesinde. Koranyň nesilleriniň nagmasy.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.


Koranyň nesilleriniň nagmasy. Mezmur.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.


Asafyň mezmury. Nagma. Hudaý, Beýik Hudaý gürleýär, gündogardan günbatara çenli ýer ýüzüni çagyrýar.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawut Batşeba bilen günä edenden soň, Natan pygamber onuň ýanyna gelýär. Şonda Dawudyň aýdan mezmury.


Koranyň ogullary: Asyr, Elkana we Abyýasap. Bular Koranyň uruglary bolupdyr.


Jemagat Koranyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan uzaga çekildi. Datan bilen Abyram bolsa daş çykyp, aýallary, çagalary bilen öz çadyrlarynyň girelgesiniň öňünde durdular.


Ýer agzyny açyp, olary we maşgalalaryny – Kora degişli bolan adamlaryň we emlägiň baryny ýuwutdy.


Şeýdip, olar ähli goş-golamlary bilen bile diriligine ölüler dünýäsine düşdüler. Olaryň yzyndan ýer ýapyldy we olar jemagatyň arasyndan gaýyp boldular.


Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we Rebbiň ýanyna kime golaýlaşmaga rugsat edilendigini Ol säher bilen aýan eder. Reb Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder.


Uruglaryna görä Şimgon ogullary şulardyr: Nemuwalyň neslinden nemuwallar urugy, Ýamynyň neslinden ýamynlar urugy, Ýakiniň neslinden ýakinler urugy,


ruben tiresinden Eliýabyň agtyklary Datan bilen Abyrama Rebbiň näme edenini, ýagny ähli ysraýyllaryň arasynda ol ikisini, tutuş hojalygy, çadyrlary we olara degişli ähli janly-jandary bilen bile ýeriň agzyny açyp, nähili ýuwudanyny görmediler.


Atalar ogullary üçin ölüme höküm edilmesin. Ogullar hem atalary üçin ölüme höküm edilmesin. Her kim diňe öz eden jenaýatyna görä ölüme höküm edilsin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan