Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 26:10 - Mukaddes Kitap

10 Ýer ýarylyp, olary Kora bilen birlikde ýuwudypdy. Ol ýerdäki iki ýüz elli adam oda ýanypdy. Olar şeýdip, başgalara-da göz bolupdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Ер ярылып, олары Кора билен бирликде ювудыпды. Ол ердәки ики йүз элли адам ода яныпды. Олар шейдип, башгалара-да гөз болупдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 26:10
15 Iomraidhean Croise  

Ysraýyllaryň ornaşan ýurdy bolan Kengan topragyna baryp ýetýänçäler, olar kyrk ýyllap manna iýdiler.


Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň bary olaryň adyny gargyş hökmünde ulanyp: ‘Goý, Reb seni Babyl patyşasynyň diriligine oda ýakan Sidkiýa we Ahap kimin etsin!’ diýerler.


Ol adamdan ýüzümi öwrüp, ony alamata we tymsala öwrerin, ony halkymyň içinden sogrup taşlaryn. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Musa garşy baş göterdiler. Olar jemagatdan saýlanyp, halk baştutanlary bolan atly-abraýly ysraýyllaryň iki ýüz ellisini ýanlaryna aldylar.


Jana kast edip, günä eden bu adamlaryň maňňallaryndan bolsa ýukajyk gapaklar ýasaň. Maňňallar Rebbiň huzuryna eltilensoň, mukaddes boldular. Goý, olar ysraýyllar üçin nyşan bolsunlar».


Harunyň adyny lewileriň hasasyna ýaz. Çünki her tire baştutany üçin bir hasa bolmalydyr.


«Biziň atamyz çölde jan berdi. Ol Rebbiň garşysyna baş göteren Koranyň toparyna goşulmady, ol öz günäsi üçin öldi we ondan ogul galmady.


ruben tiresinden Eliýabyň agtyklary Datan bilen Abyrama Rebbiň näme edenini, ýagny ähli ysraýyllaryň arasynda ol ikisini, tutuş hojalygy, çadyrlary we olara degişli ähli janly-jandary bilen bile ýeriň agzyny açyp, nähili ýuwudanyny görmediler.


Bu külpetler siziň we nesilleriňiziň arasynda başga halklar üçin hemişelik alamat we mugjyza bolsun.


Sodom we Gomora şäherlerini ýakyp-ýandyryp weýran etdi we bulary geljekde hudaýsyzlara näme boljakdygyny bilmäge sapak bolsun diýip etdi.


Şeýle-de Sodom bilen Gomoranyň we olaryň töweregindäki şäherleriň adamlary hem edil şol perişdeler ýaly hereket etdiler, olar zynahorlyga köňül berip, azgynçylyga ýüz urdular. Şonuň üçin olar ebedi otda ýanmak jezasyny çekip, hemmelere sapak boldular.


Seniň iki ogluň Hopny bilen Pinehasyň başyna düşjek iş – olaryň ikisiniň-de bir günde ölmegi saňa bir alamat bolar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan