Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 25:8 - Mukaddes Kitap

8 Ol ysraýyllynyň yzyndan çadyra girip, naýzany birbada olaryň ikisiniň hem – ysraýyllynyň hem, midýanly aýalyň hem garnyndan sokdy. Şol bada ysraýyl halkynyň arasyna iberilen gyrgynçylyk togtadyldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Ол ысрайыллының ызындан чадыра гирип, найзаны бирбада оларың икисиниң хем – ысрайыллының хем, мидянлы аялың хем гарнындан сокды. Шол бада ысрайыл халкының арасына иберилен гыргынчылык тогтадылды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 25:8
10 Iomraidhean Croise  

Dawudyň adamlary Şawul bilen Ýonatanyň süňklerini Benýamin topragynda – Selada, Şawulyň kakasy Kişiň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. Olar patyşanyň ähli tabşyrygyny ýerine ýetirdiler. Şondan soň Hudaý ýurt üçin edilýän dilegleri kabul etdi.


Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi. Reb ýurt üçin edilen dilegleri kabul etdi; gyrgyn belasy Ysraýyldan sowuldy.


Dawut Ornana şeýle diýdi: «Rebbe gurbanlyk sypasyny gurar ýaly harman ýeriňi ber, ony maňa doly bahasyna sat; şeýtsek, halkyň başyna düşen betbagtçylyk sowlar».


Meniň onuň bilen eden ähtim ýaşaýyş we parahatçylyk ähtidir. Men bulary oňa Menden gorksun diýip berdim. Ol Menden gorkup, adyma hormat goýdy.


Kim Rebbiň mukaddes çadyryna golaýlaşsa, ol öler. Şeýdip, indi biziň hemmämiz gyrlaýmalymy?» diýdiler.


«Ysraýyl halkyndan Meniň gaharymy Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas gaýtardy, olaryň arasynda ol Maňa özüniň hakyky wepadardygyny görkezdi. Şonuň üçin men olary gabanyp, bütinleý ýok etmedim.


Musa ysraýyl serdarlaryna: «Siziň her biriňiz öz adamlaryňyzyň arasynda Bagalpegor butuna sežde edýänlere goşulan her kesi öldüriň!» diýip buýruk berdi.


Akanyň üstünde uly daş üýşmegi emele geldi. Ol biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Diňe şondan soňra Rebbiň gahar-gazaby köşeşdi. Şonuň üçin ol ýer şu günler hem Akor jülgesi diýlip atlandyrylýar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan