Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 25:4 - Mukaddes Kitap

4 Onsoň Reb Musa: «Rebbiň gahar-gazaby Ysraýyldan sowlar ýaly, halkyň ähli ýolbaşçylaryny getirip, olary öldürip, Günüň astynda ser» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Онсоң Реб Муса: «Реббиң гахар-газабы Ысрайылдан совлар ялы, халкың әхли ёлбашчыларыны гетирип, олары өлдүрип, Гүнүң астында сер» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 25:4
21 Iomraidhean Croise  

olary gibgonlylaryň eline berdi. Gibgonlylar olary dagda Rebbiň huzurynda öldürip, ýeriň ýüzüne serdiler, olaryň ýedisem bilelikde öldi. Bu waka baharda, arpa oragynyň ilkinji günlerinde bolupdy.


Ol tupany asudalyga öwürdi, deňiz tolkunlary köşeşdi.


Musa ähli ysraýyllaryň içinden başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip belledi.


Belki, Hudaý pikirini üýtgeder, gazabyndan saklanar; şeýdip, biz heläk bolmarys».


«Ysraýyl halkyndan Meniň gaharymy Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas gaýtardy, olaryň arasynda ol Maňa özüniň hakyky wepadardygyny görkezdi. Şonuň üçin men olary gabanyp, bütinleý ýok etmedim.


Ine, olaryň Pegorda eden işleri: olar gyz doganlary, midýanly tirebaşynyň gyzy Kozbynyň üsti bilen ysraýyllara duzak gurdular. Size hile salyp, duşman ýaly daraşdylar. Pegora gyrgynçylygyň gelmeginiň sebäpkäri bolany üçin Kozby öldürildi».


Soňra ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar we gaýdyp munuň ýaly pislik etmezler.


galanyň ýaşaýjylaryny tanamaýan hudaýlaryna gulluk etmäge çagyryp, olary ýoldan çykarmakda baş bolandyklaryny eşitseňiz,


galanyň ýaşaýjylaryny gylyçdan geçiriň. Ondaky ähli zatlary bütinleý ýok ediň, hatda mal-garalaryny-da gyryň.


Rebbe aýry goýlandygy üçin ýakylmaly zatlaryň hiç biri eliňde bolmasyn. Şonda Reb gahar-gazabyndan köşeşip, size rehimdarlyk eder. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň nazarynda dogry işleri etseňiz we Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, onda Ol ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, Özüniň rehimdarlygy bilen sizi köpeltjekdir.


Eger biri jenaýat edip, ölüm jezasyna höküm edilse we siz ony agaçdan asyp öldürseňiz,


onuň jesedini agaçdan uzak gije asyp goýmaň. Siz ony hökman şol gün jaýlamalysyňyz, çünki agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.


Rebbiň Bagalpegorda näme edenini, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Bagalpegor butunyň yzyna eýerenleriň ählisini araňyzdan nähili ýok edenini öz gözüňiz bilen gördüňiz.


Biziň üçin Pegoryň kanuny bozany azmy näme? Çünki ol Rebbiň jemagatyna gyrgyn keselini getirdi. Biz entekler hem ondan tämizlenip bilemzok.


Ýeşuwa ähli ysraýyllary, olaryň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Indi meniň köpüm geçip, azym galdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan