Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 25:11 - Mukaddes Kitap

11 «Ysraýyl halkyndan Meniň gaharymy Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas gaýtardy, olaryň arasynda ol Maňa özüniň hakyky wepadardygyny görkezdi. Şonuň üçin men olary gabanyp, bütinleý ýok etmedim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 «Ысрайыл халкындан Мениң гахарымы Элгазарың оглы, руханы Харуның агтыгы Пинехас гайтарды, оларың арасында ол Маңа өзүниң хакыкы вепадардыгыны гөркезди. Шонуң үчин мен олары габанып, бүтинлей ёк этмедим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 25:11
24 Iomraidhean Croise  

Dawudyň adamlary Şawul bilen Ýonatanyň süňklerini Benýamin topragynda – Selada, Şawulyň kakasy Kişiň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. Olar patyşanyň ähli tabşyrygyny ýerine ýetirdiler. Şondan soň Hudaý ýurt üçin edilýän dilegleri kabul etdi.


Ýahuda halky Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, ata-babalarynyň eden günälerinden-de has beter günä etdiler. Olar Rebbiň gabanjaňlygyny oýardylar.


Deňizdäki gämilerde ýüzýänler, haýbatly suwlarda söwda edýänler


Şatlandylar, çünki ümsümlik boldy, Ol olaryň islän gämi duralgasyna ýetirdi.


Rebbiň sadyk söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.


Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.


Eger bir adamyň maly öz meýdanynda ýa-da üzüm bagynda otlap ýörkä azaşyp, başga biriniň meýdanyndaky zatlaryny iýse, ol oňa ýeten zeleliň öwezini öz meýdanynyň we üzüm bagynyň iň gowy hasyly bilen doldurmaly.


Başga hudaýa sežde etmäň, sebäbi Gabanjaň atly Reb gabanjaň Hudaýdyr.


Men saňa zyna eden we gan döken aýallara degişli hökümler çykararyn. Öçli gahar-gazabym we gabanjaňlygym bilen seniň ganyňy akdyraryn.


Reb gabanjaň we öç alýan Hudaýdyr, Ol ar alýandyr we gazapdan doludyr, duşmanlaryndan öç alýandyr, ýagylaryna garşy gazaplanýandyr.


Rebbiň gazaply gününde, altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary. Rebbiň gabanjaňlyk odunda bütin dünýä ýanyp kül bolar, çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny gyryp ýok eder.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Siz Maňa garaşyň, halklara höküm etjek günüme çenli garaşyň. Çünki Meniň kararym milletleri toplap, patyşalyklary bir ýere jemläp, gaharymy, lowlaýan gazabymy başlaryndan indermekdir. Gabanjaň gazabymyň ody bütin dünýäni ýakyp kül eder.


Reb Musa şeýle diýdi:


Ogla iman edýän adam baky ýaşaýşa eýe bolýar, emma Ogly ret eden adam baky ýaşaýşa gowuşmaz, ol Hudaýyň gazabyna duçar bolýar».


Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarmakçymy? Eýsem biz Ondan güýçlümi näme?


Men sizi Hudaýyň gabanjaňlygy bilen gabanýandyryn. Sebäbi men sizi ýeke-täk bir Ýigide, ýagny Mesihe adaglap, sizi Oňa päk gyz hökmünde niýetledim.


Reb şeýle tekepbir adamlary bagyşlamaz. Çünki Rebbiň gahary we gazap ody olara garşy tutaşar. Bu kitapda ýazylan ähli näletler olaryň başyndan iner we Reb olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlar.


Keseki hudaýlar bilen Ony gabandyrdylar, nejis zatlar bilen gaharyny getirdiler.


Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.


Çünki Hudaýyňyz Reb ýakyp-ýandyryjy bir otdur, Ol gabanjaň Hudaýdyr.


Soňra ysraýyllar Gilgada tarap – rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň üstüne Elgazar ruhanynyň ogly Pinehasy iberdiler.


Ýeşuwa halka: «Siz Rebbe gulluk edip bilmersiňiz, çünki Ol mukaddes Hudaýdyr, Ol gabanjaň Hudaýdyr. Siziň ýazyklaryňyzy ýa-da günäleriňizi bagyşlamaz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan