Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 25:1 - Mukaddes Kitap

1 Ysraýyllar Şitimde ýaşaýarkalar, mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Ысрайыллар Шитимде яшаяркалар, моваплы аяллар билен зына этмәге башладылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 25:1
22 Iomraidhean Croise  

Ýoşyýa Rebbiň öýünde bolan azgyn erkekleriň öýlerini-de ýykdy. Ol ýerde aýallar Aşera üçin dokma işlerini edýärdiler.


Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.


Kimde-kim haýwanlar bilen ýanaşsa, ol ölüme höküm edilsin.


Baran ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmaň, sebäbi olar öz hudaýlaryna sežde ederler. Olar öz hudaýlaryna sadaka beren wagty, olaryň arasyndan biri sizi çagyrsa, siz hem sadakada berlen nahardan iýersiňiz.


Duzak kimin, ýüregi gapandyr tor kimin, elleri zynjyr kimin bolan aýaly ölümden ajy gördüm. Hudaýy hoşal edýän adam ol aýaldan gaçyp gutulýar, ýöne günäkär onuň eline düşýär.


Mowapda, ammonlaryň arasynda, Edomda we başga ýurtlarda ýaşaýan ähli ýahudalar-da Babyl patyşasynyň Ýahuda ýurdunda bir topary aman galdyrandygyny, olaryň üstlerinden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkim belländigini eşitdiler.


Ýöne perzentler Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar; Meniň parzlarymy doly berjaý etmediler, bulary ýerine ýetiren adam aman galsa-da, hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym.


Çölde üzüm tapan ýaly, Men Ysraýyly tapdym. Ilkinji miwe beren injir agajyny gören ýaly, Men ata-babalaryňyzy gördüm. Ýöne olar Bagalpegor dagyndaky butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urdular. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular.


Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.


«Midýanlary indi Ysraýylyň duşmany saýyň, olary gyryň!


«Ysraýyllara garşy eden işi üçin midýanlaryň jezasyny ber. Soňra amanadyňy tabşyryp, öz ata-babalaryňa gowşarsyň» diýdi.


Olar Iordan derýasynyň boýunda, Beýtýeşimotdan tä Abelşitime çenli Mowap düzlüginde düşelge gurup oturdylar.


Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.


Olaryň käbirleri ýaly azgynçylyk etmäliň: bir günde olaryň ýigrimi üç müňüsi öldi.


Şeýdip, biz Beýtpegor galasynyň garşysyndaky jülgede saklandyk».


Gurbanlyklaryň ýagyny iýen, guýlan şeraplaryny içen şol hudaýlaryňyz nirede? Goý, turup, size kömek etsin olar, bolsunlar-da siziň penakäriňiz!


Rebbiň Bagalpegorda näme edenini, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Bagalpegor butunyň yzyna eýerenleriň ählisini araňyzdan nähili ýok edenini öz gözüňiz bilen gördüňiz.


Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, loluçylyk bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.


Biziň üçin Pegoryň kanuny bozany azmy näme? Çünki ol Rebbiň jemagatyna gyrgyn keselini getirdi. Biz entekler hem ondan tämizlenip bilemzok.


Ýeşuwa we ähli ysraýyllar ir bilen turup, Şitimden çykyp ugradylar. Iordan derýasyndan geçmezden öňürti, olar gijäni geçirmek üçin onuň kenarynda düşlediler.


Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan