Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 24:7 - Mukaddes Kitap

7 Ysraýyl meşiginden suwlar çogar. Tohumlary bol suw bilen suwarylar. Onuň patyşasy Agakdan-da beýik bolar. Patyşalygy bolsa has-da beýgeler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Ысрайыл мешигинден сувлар чогар. Тохумлары бол сув билен суварылар. Онуң патышасы Агакдан-да бейик болар. Патышалыгы болса хас-да бейгелер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 24:7
29 Iomraidhean Croise  

Şeýlelikde, Dawut özüni Rebbiň tutuş Ysraýylyň patyşasy hökmünde berkarar edendigine hem-de Öz halky Ysraýylyň hatyrasyna öz patyşalygyny beýgeldendigine düşündi.


Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler.


Sur patyşasy Hiram Süleýmanyň kakasynyň ornuna patyşalyga bellenendigini eşiden badyna, öz emeldarlaryny Süleýmanyň ýanyna iberdi; çünki Hiram Dawudyň hemişelik ýarany bolupdy.


Şeýlelikde, Dawut özüni Rebbiň Ysraýylyň patyşasy hökmünde berkarar edendigine hem-de Öz halky Ysraýylyň hatyrasyna onuň patyşalygyny beýgeldendigine göz ýetirdi.


Iýerusalimde güýçli patyşalar bolup, olar Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky bütin welaýata höküm ýöredýän ekenler. Olara salgyt, paç, töleg tölenilýän eken.


Şu wakalardan soň Kserks patyşa agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň wezipesini beýgeldip, ony öz ýanyndaky emeldarlaryň ählisinden ýokarda goýdy.


Goý, olaryň öýleri çolaryp galsyn, çadyrlarynda hiç kim mesgen tutmasyn.


Tekepbirler diýýär: «Hudaý biläýermikä? Beýik Hudaý mundan habarlymyka?»


Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.


Uly gyrgynçylyk gününde, diňler ýykylanda, her beýik dagda, her belent baýyrda akar suwly çeşmeler bolar.


Eý, Ýakubyň nesli, gulak goý! Ysraýylyň ady bilen atlandyrylan, Ýahudanyň bilinden önen, siz, Rebden ant içýärsiňiz, ýatlaýarsyňyz Ysraýyl Hudaýyny, emma çyn ýürekden, dogrulyk bilen etmeýärsiňiz bulary.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


Eý, bol suwlar ýakasynda, baý hazynaly ýerde ýaşaýan halk! Seniň soňuň geldi, ömür tanapyň kesildi!»


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Soňra ol amaleklere seredip, sözüni şeýle dowam etdi: «Amalek milletleriň naýbaşysydy, emma onuň yzy müdimilik ýiter».


Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Eli käseli ýedi perişdäniň biri gelip, maňa şeýle diýdi: «Gel, men saňa köp suwlaryň üstünden hökmürowanlyk ýöredýän uly lolynyň jezasyny görkezeýin.


Perişde maňa ýene şeýle diýdi: «Lolynyň hökmürowanlyk sürýän köp suwlary her milletden, her halkdan, her dilden bolan ägirt mähelläni aňladýandyr.


Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan