Çünki olar ysraýyl halkyny çörek we suw bilen garşylaman, gaýtam, olary näletlesin diýip, Bilgamy hakyna tutdular. Ýöne Hudaýymyz näleti ýalkanyşa öwürdi.
Ine, mukaddes çadyryň, ýagny mukaddes äht çadyrynyň gurluşynyň beýany: Bu Musanyň buýrugy esasynda işlenip, ruhany Harunyň ogly Ytamaryň görkezmesi boýunça lewileriň ýerine ýetiren işidi.
Ysraýyllar edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly etdiler. Olaryň her biri öz tugy astynda ýerleşip, öz urugyna we kowumyna görä, aýdylan tertipde ýörişe çykdylar.
Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr! Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler, sen olaryň arkasyndan basarsyň».